Sepleriň elýeterliligi

Pentagon Siriýadaky taktikasyny üýtgedýär


Pentagon 9-njy oktýabrda aram siriýa pitneçileriniň täze güýçlerine tälim bermek baradaky programmasyny goýbolsun edip, oňa derek Siriýanyň içindäki «Yslam döwleti» toparynyň ekstremistlerine garşy söweşip ýören oppozisiýa toparlaryna ünsi güýçlendirjegini aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter Pentagona, ahyrynda «Yslam döwleti» toparyna «ylalaşykly gaýtawul» berler ýaly, «synagdan geçen saýlama liderler toparyny we olaryň birikmelerini» ýarag bilen üpjün etmegi tabşyrdy» diýip, Pentagonyň beýanatynda aýdylýar.

Pentagon özüniň 500 million dollarlyk programmasynyň «düýpli synaglar» bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny boýun aldy.

Bu programma täze adamlara tälim berip, olary söweş meýdanyna ibermek bilen baglanşyklydy.

XS
SM
MD
LG