Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Eýran sanksiýalary güýjünde galýar


«Roýters» habar gullugynyň ýazmagyna görä, Obama adminstrasiýasy daşary ýurt hökümetlerine we ABŞ bankirlerine Eýrana garşy sanksiýalaryň entek güýjünde galýandygyny we olaryň Eýranda maýa ýatyrmaga howlukmaly däldigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň golaýda dünýä ýüzündäki ilçihanalara iberen telegrammalarynda sanksiýalaryň entek ýatyrylmandygy tassyklanylýar diýip, diplomat we hökümet çeşmeleri 9-njy oktýabrda «Roýterse» aýypdyrlar.

Ol telegrammalarda Eýrana garşy sanksiýalaryň Halkara Atom energiýasy gullugy Tähranyň iýulda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertlerini doly ýerine ýetirendigini tassyklaýança ýatyrylmajagy nygtalypdyr.

XS
SM
MD
LG