Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa zarbalaryny ýygjamladýar


Rus harby güýçleri soňky 24 sagatda Siriýadaky 55 nyşana boýunça 64 sany zarba urdy diýip, Moskwadaky harby sözçi aýtdy.

Sözçiniň 10-njy oktýabrdaky sözlerine görä, Moskwanyň Siriýadaky harby kampaniýasynyň ýygjamlaşdyrylmagynyň sebäbi howadan geçirilen gözegçilik esasynda köp sanly nyşananyň ýüze çykarylmagy bilen bagly.

Moskwa öz howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň desgalaryny nyşana alýandygyny aýdýar.

Siriýanyň garaşsyz Adam hukuklary obserwatoriýasy 10-njy oktýabrda rus howa zarbalarynyň urlan ýerlerinde, günbatar Siriýada «Yslam döwleti» toparynyň agzalarynyň minimal derejede azdygyny aýtdy.

Siriýanyň oppozision şahslary we günbatar hökümetleri Orsýetiň bu kampaniýany ekstremizme garşy söweş üçin däl-de, eýsem prezident Başar al-Assadyň režimini berkitmek üçin ulanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG