Sepleriň elýeterliligi

Ankara 100-e golaý pidanyň ýasyny tutýar


Iki partlamada 95 adam öldürildi. Ankara, 10-njy oktýabr, 2015.

Iki partlamada 95 adam öldürildi. Ankara, 10-njy oktýabr, 2015.

Türkiýe 11-nji oktýabrda, bir gün öň paýtagt Ankaradaky parahat ýörişde azyndan 95 adamy öldüren goşa partlamadan soň, üç günlük ýasa başlaýar.

Hökümet bu hadysany “terror akty» diýip atlandyrdy we onda ölenlerden başga 245 adamyň ýaraly bolandygyny, olaryň 48-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

11-nji oktýabrda, polisiýa kürtlere tarapdar syýasatçylaryň we beýleki ýas tutujylaryň partlamalaryň bolan ýerinde gül çemenlerini goýmaklarynyň öňüni alandan soň, Ankarada biraz tutluşyk boldy.

Kürtlere tarapdar Halk Demokratik partiýasynyň egindeş başlyklary Selahettin Demirtaş we Figen Ýüksekdag pidalaryň hatyrasyny tutmagy planlaşdyrdylar, emma polisiýa ol ýerde derňewiň gidýändigini aýdyp, olary saklady.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu 10-njy oktýabrdaky partlamalaryň janyndan geçen bombaçylar tarapyndan amala aşyrylandygyny aňladýan «berk alamatlar» bar diýdi.

Bu hadysa iýunda geçirilen netijesiz umumy saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegine üç hepde galanda boldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada bu «elhenç» patlamalary ýazgaryp çykyş etdi.

"Men biziň agzybirligimize we parahatçylygymyza edilen elhenç hüjümi berk ýazgarýaryn» diýip, Erdogan prezidentiň websaýtynda ýerleşdirilen beýanatynda aýtdy.

Bu partlamalar ýurduň günorta-gündogaryndaky kürt jeňçileri bilen hökümetiň arasyndaky konflikti çözmäge itergi bermek üçin guralýan «parahatçylyk ýörişiniň» öň ýanynda boldy.

"Ol ýerde demonstrasiýa boldy» diýip, bir şaýat «Roýters» habar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. «Men ýygnanyşyk bolýan ýeriň gapdalyndan geçip barýardym. Edil şol ýerde, iki sany şygar ýazylan plakatyň arkasynda partlama boldy. Men ýere ýatdym. Ikinji bomba hem şol ýerde partlady. Ol ýerde iki partlama boldy. Emma olaryň biri has güýçli boldy.»

Goýbolsun edilen ýöriş Kürt güýçlerine tarapdar hem-de çepçi partiýalar tarapyndan guralypdy. Aýdylmagyna görä, polisiýa partlama bolan ýerdäki gaharly mähelläni dargytmak üçin howa duýduryş oklaryny atypdyr.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, bu iki partlama bir-birinden birnäçe minut aratapawutda bolupdyr.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu özüniň bu hadysany ara alyp maslahatlaşma üçin ýokary derejeli howpsuzlyk geňeşini çagyrandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Ankaradaky ilçihanasy twitter beýanat çap edip, bu hüjümi ýazgardy we «Biziň hemmämiz terrora garşy bilelikde durmaly» diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Erdogana telegramma iberip, öz gynanjyny bildirdi diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi.

Putin Orsýetiň «türk häkimiýetleri bilen terror howpuna garşy göreşde mümkin boldugyça ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny» bildirdi diýip, beýanatda aýdylýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu hüjüm «ähli regional we regional däl hyzmatdaşlaryň terrora garşy göreş tagallalarynyň birleşdirilmek zerurlygyny tassyklady» diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Fredrika Mogherini Türkiýe bu hüjüm meselesinde «bir-bütewi bolup durmaly» diýdi.

Şu aralykda Kürdüstan Işçiler partiýasy (PKK) jeňçi topary Türkiýedäki partizançylyk hereketlerini togtadýandygyny yglan etdi.

Topar bu niýetini 10-njy oktýabrda bildirdi we öz söweşijileriniň Türkiýede 1-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň «adalatly» bolmagyna päsgel bermezlik üçin hereketden saklanjagyny aýtdy.

PKK-niň beýanatynda edil şol gün, kürtlere tarapdar parahatçylyk ýörişiniň öň ýanynda bolan we onlarça adamy öldüren partlama agzalmaýar.

Şu hepdäniň başynda, PKK-niň ýokary derejeli komandiri şeýle ideýaly gazet makalasyny ýazanda, şu hili beýanata garaşylypdy. Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Ýalçin Akdogan şonda, kürtlere tarapdar Halk demokratik partiýasyna goldaw bermegiň «taktikasy» hökmünde, bu ideýany ret edipdi.

Akdogan hökümetiniň PPK jeňçileriniň ýaraglaryny taşlap, ýurtdan çykmaklary baradaky çagyryşyny gaýtalady.

PKK Türkiýe, Ýewropa Bileleşigi, ABŞ tarapyndan terrorçy gurama hasaplanýar.

Bu gurama 1984-nji ýylda öz separatist kampaniýasyna başlady we şondan bäri 40 müňden gowrak adam öldürildi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG