Sepleriň elýeterliligi

Türkmen lideri Türkiýä gynanjyny bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana we Türkiýe respublikasynyň premýer-ministri Ahmet Dawutogluna Ankarada «köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi» diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda aýdylýar.

"Türkmenistanyň döwlet baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriş sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy" diýip, türkmen telewideniýesiniň şenbe günündäki habarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG