Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Orsýet «progres» gazandy


Pentagon Birleşen Ştatlar Orsýet bilen Siriýada iki ýurduň aýry-aýrylykda geçirýän howa kampaniýalarynda tötänden çaknyşyk bolmazlygy baradaky gepleşiklerinde «progres» gazandy diýdi.

90-minutlyk wideoşekilli maslahat 10-njy oktýabrda geçirildi diýip, Pentagon aýtdy.

«Diskussiýa professional boldy we ýörite howpsuzlyk proseduralarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirildi» diýip, Pentagonyň metbugat sekretary Piter Kukyň beýanatynda aýdylýar.

Kuk bu ugurda ýakyn geljekde has kän gepleşikleriň geçiriljegini hem habar berýär.

XS
SM
MD
LG