Sepleriň elýeterliligi

Belaruslar prezident saýlaýar


Belarusda prezident saýlawlary başlandy we prezident Aleksandr Lukaşenko ýene bir bäş ýyl möhlete prezident boljaga meňzeýär.

Ses berişlik 11-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 8-de başlandy.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, ýerli wagt bilen sagat 12-de ses berişlige gatnaşyk 51.2 prosent boldy.

MSK 10-njy oktýabrda hasaba alnan 7 million saýlawçynyň 36 prosentiniň saýlaw gününden öň ses berendigini aýtdy.

Oppozisiýa wekilleri döwlet gullukçylaryna, hassahanalardaky näsaglara, studentlere ir ses bermekleri üçin basyş görkezilendigini aýdýarlar.

10-njy oktýabrda paýtagt Minskde ýüzlerçe oppozisiýa tarapdary ygtyýar berilmedik protest ýygnanyşygyna çykdy. Olar saýlawlary boýkot etmäge çagyrdylar.

Ozalky prezidentlige kandidatlar Mikalaý Statkewiç we Uladzimir Niakliau merkezi Azatlyk skwerinde çykyş edip, bu saýlawlary ýazgardylar.

Olar onuň netijeleriniň öňünden bellidigini, ýagny galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Protestçiler Ýakub Kolas skwerine tarap süýşüp ugranlarynda, polisiýa olaryň öňüni baglamaga çalyşmady.

7 million çemesi belarusly prezident saýlawlarynda ses bermäge hakly, emma bu saýlawlar lukaşenkonyň syýasy garşydaşlary tarapyndan boýkot edilýär.

Şol boýkot edýänleriň hataryna tanymal aktiwist Statkewiç hem girýär, ol 2010-njy ýylda Lukaşenko bilen bäsdeşlik edip, saýlawlara gatnaşdy we şondan soň türmä basyldy. Emma ol awgustda azatlyga goýberildi.

“Netije öňünden kesgitlenen”

“Netije öňünden kesgitlenen” diýip, Belarusda üç ýyllyk amerikan ilçiligine 1994-nji ýylda, Lukaşenkonyň ilkinji gezek prezident bolan wagtynyň yz ýanynda başlan Kennet Ýalowitz aýdýar.

“Men hemişe adamlara duýdurýaryn, saýlaw öz-özlüginde azat, adalatly we açyk hem görnüp biler, emma oňa mahsus esasy zat ýokdur. Sen diňe saýlaw gününde bolýan zatlara seredip bilmersiň” diýip, ol aýtdy.

Mekir syýasatçy we häkimiýeti uzak wagt bäri ýumrugyna gysyp saklaýan Lukaşenko "Ýewropanyň iň soňky diktatory» adyny aldy.

Munuň oňa esasan polisiýa döwletini gurmak arkaly başardandygy aýdylýar.

Ol özüniň 21 ýyllyk dolandyryşy döwründe raýat jemgyýetini aşak basdy, garaşsyz mediany jylawlady, oppozisiýadaky syýasatçylary çetleşdirdi.

Emma 9 million ilatly, iki sany güýç blogynyň – günbatardan NATO bilen Ýewropa Bileleşiginiň, gündogardan Orsýetiň arasynda galan ýurda ýolbaşçylyk edýän ozalky kolhoz başlygynyň, ölemen hokkeýçiniň kynçylyklary hem boldy.

Ýewropa we Birleşen Ştatlar saýlawlaryň galplaşdyrylmagyna we garşydaşlaryň türmä basylmagyna reaksiýa bildirip, syýahat gadaganlyklary, emläk doňdurmalary we beýleki sanksiýalar ýaly çäreleri gördi.

2010-njy ýyldaky saýlawda pitnä garşy polisiýa oppozisiýa demonstrasiýalaryny güýç bilen basyp ýatyrdy, Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanmagyna garşy bolan Statkewiç ýaly liderleri tussag etdi.

Ýewropa Bileleşigi bolsa, öz gezeginde, 201 şahsyýete we 18 kompaniýa garşy sanksiýa girizdi.

Orsýet bilen NATO-nyň arasynda

Emma Orsýet Belarusy peýdaly ýaran we eýýäm Baltikada, ozalky üç sowet respublikasynda Orsýetiň serhedine gelen NATO garşy bufer döwlet hasaplady.

Moskwa Belarusyň käbir esasy eksport edýän harytlaryna, şol sanda nebite subsidiýa berdi we Minskä ony Ýewropanyň bazarlarynda has ýokary bahadan satmaga mümkinçilik döretdi.

Emma Belarusyň Ýewropa uzaýan birnäçe geçirijisi hem bar we Minsk bilen Moskwanyň arasyndaky dawa geçmişde üpjünçiligiň arasynyň kesilmelerine hem alyp geldi.

Günbatar bilen aradaky dartgynlyklaryň çuňlaşmagy bilen, Moskwa golaýda belarus topragynda täze howa bazasyny edinmek üçin Minskä basyşyny ýygjamlatdy.

Orsýet Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky gozgalaňçylara arka çykaly bäri, Lukaşenko özüni Günbatar bilen aradaky möhüm araçynyň ornunda goýdy.

Ol paýtagt Minskde parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegine mümkinçilik döretdi, emma Moskwanyň anneksiýany ykrar etmek baradaky basyşyna gaýtawul berdi.

“Bu hili manýowry dowam etdirmek kyn bolar. Orsýetiň oňa basyş edip biljek ýeri az däl, esasanam ykdysady taýdan. Ol Ukrainanyň bir görelde bolmagyndan alada galýar» diýip Ýalowitz aýtdy.

ÝHHG-nyň gözegçileriniň geçen aý çap eden deslapky hasabatynda saýlaw kampaniýasyndaky birnäçe problema, şol sanda garaşsyz media mümkinçilikleriniň bolmazlygy bellenilip geçildi.

Lukaşenkonyň 'meşhurlygy'

Synçylaryň köpüsi, şol sanda Ýalowitz Lukaşenkonyň hakykatdanam meşhurdygyna, hususan-da ony ýurduň konserwatiw oba ýerlerinde gowy görýändiklerine, belki-de hakyky bäsleşikli saýlawda hem ýeňip biljegine ynanýar.

Statkewiç, köpleriň nukdaý nazaryndan Lukaşenkonyň esasy syýasy bäsdeşi, türmeden boşadylanyndan soň, «Charter 97» websaýtynda Lukaşenkonyň pulunyň gutarandygyny we onuň hem orsýetden, hem Halkara pul fondundan maliýe kömegini almaga çalyşjakdygyny aýtdy.

ÝB özüniň 140 belarusla, şol sanda Lukaşenkonyň özüne garşy girizilen sanksiýalary ýatyryp biljegini yşarat etdi, emma munuň şerti bar, saýlaw döwründe syýasy basyp ýatyryş bolmaly däl diýip, Azatlyk radiosy we «Roýters» habar berdi.

ÝB resmileri Belarusyň Ukraina konfliktine araçylyk etmek babatda oýnan pozitiw roluny açyk boýun aldylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG