Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Goranmak ministri derňew astynda


Abibilla Kudaýberdiew
Abibilla Kudaýberdiew

Gyrgyzystanyň Goranmak ministri Abibilla Kudaýberdiýew korrupsiýa bilen baglylykda derňew astyna düşdi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 12-nji oktýabrda yglan etmegine görä, Kudaýberdiýew we onuň ençeme ýoldaşy wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, galplykda we puly bisarpa sowmakda aýyplanýarlar.

Komitet derňewçilerde Kudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň döwletiň eýeçiligindäki gurluşyk kärhanasynyň üstünden döwlet pullaryny eýelemek boýunça ýörite usullardan peýdalanandygyny subut edýän gizlin maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

Goranmak ministrliginiň resmiler bu waka barada çykyş etmediler.

XS
SM
MD
LG