Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Lukaşenko ses köplügini aldy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka saýlaw nokadynda, Minsk, 11-nji oktýabr, 2015.
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka saýlaw nokadynda, Minsk, 11-nji oktýabr, 2015.

Ilkinji netijelere görä Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka saýlawlarda seleriň 83.49 prosentini toplap, indiki bäş ýyllyk prezidentlik möhletine eýe boldy.

“Hawary Prawdu” atly oppozision herekete wekilçilik edýän az tanalýan dalaşgär Tatsyana Karatkewiç ikinji oruna çykdy we 4.42 prosent ses gazandy.

Sesleriň 6.5% çemesi ähli dalaşgäre garşy berildi .

11-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ses berijileriň gatnaşyk derejesi 86.7% bolupdyr.

Aleksandr Lukaşenka saýlaw güni eden çykyşynda bu ses berişlikde özüniň 2010-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda toplan seslerden az ses gazanan ýagdaýynda munuň ýaramaz nyşan bolup biljekdigini belledi. 2010-njy ýylda Lukaşenka 79.65 sese eýe bolupdy.

Saýlawlaryň netijelerine oppozisiýanyň bildiren protestleri häkimiýetler tarapyndan zor bilen basylyp ýatyrylypdy.

Ýekşenbe günki saýlawlaryň tamamlanmagyndan soň 200 çemesi oppozision aktiwist Minskiň merkezinde demonstrasiýa geçirip, Lukaşenkanyň ‘diktaturasyny’ ýazgarýan şygarlary öňe sürdüler.

Lukaşenka öňki sowet respublikasyny 21 ýyl çemesi wagt bäri yzygiderli dolandyrýar.

XS
SM
MD
LG