Sepleriň elýeterliligi

Obama Putiniň Damaska goldawyny tankyt etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Damasky goldamak bilen erbet dolandyryjylygy görkezýändigini aýtdy. Moskwa bolsa Siriýanyň kanuny hökümetiniň gozgalaňçylara garşy göreşini goldaýandygyny aýdýar.

Obama “olaryň hereketi güýç-kuwwatyň alamaty däl”, diýip CBS telekanalynyň “60 minut atly” gepleşiginde aýtdy.

"Düýpli krizisden çözgüt tapmak üçin baş oýunçylaryň täze hökümete tarap özgerişligiň bolmalydygyny boýun almaklaryny talap edýär” diýip Obama aýtdy.

Obamanyň bu çykyşyny eden wagtynda Siriýanyň hökümet güýçleri Orsýetiň howadan amala aşyran hüjümleriniň goldawy bilen 11-nji oktýabrda gozgalaňçylara garşy öňegidişlik gazandylar.

XS
SM
MD
LG