Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gazprom' Ukraina gaz akdyryp başlady


“Gazpromyň” aýtmagyna görä, Kiýewden 234 million amerikan dollary möçberde tölegiň edilmeginden soň 12-nji oktýabrda irden gaz üpjünçiligi dikeldilipdir.

“Gazprom” Ukraina gaz akdyrmagyny onuň nyrhy boýunça şowsuz gepleşiklerden soň kesipdi.

Geçen aýda Ýewropa Bileleşiginiň kömegi bilen gelnen ylalaşyk Ukraina Orsýetden alty aýyň dowamynda, ýagny 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli gazyň akdyryljagyny kepil geçýär.

9-njy oktýabrda “Gazprom” Ukrainanyň oktýabr aýynda 2 milliard kubometr gazy sorandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG