Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Derňewde 'YD' üns berilýär


Partlamada wepat bolanlaryň jaýlanyş çäresi

Partlamada wepat bolanlaryň jaýlanyş çäresi

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu “Yslam döwleti” estremist toparynyň janynda geçen hüjümçileriň amala aşyran goşa partlamalary bilen bagly derňewleriň üns merkezindedigini aýtdy.

10-njy oktýabrda Türkiýäniň paýtagty Ankarada bolan bomba partlamasynda azyndan 97 adam wepat boldy.

Dawutoglu Türkiýäniň NTW telewideniýesinde 12-nji oktýabrda eden çykyşynda derňewçileriň güman edilýän hüjümçileriň biriniň şahsyýetini DNK testi arkaly anyklamaga synanyşýandyklaryny aýtdy.

Dawutoglu hüjümiň 1-nji noýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna täsir ýetirmek boýunça synanyşyk bolandygyny belledi.

Iki partlama kürtlere tarapdar aktiwistleriň we jemgyýetçilik toparlarynyň guramaçylygyndaky ýörişiň geçirilen ýerinde amala aşyryldy. Protestçiler Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleriniň we kürt söweşijileriň arasyndaky konflikte garşy çykyş edipdi.

Kürtlere tarapdar Halk demokratik partiýasy partlamada wepat bolanlaryň sanynyň 128 adama ýetendigini habar berdi .

XS
SM
MD
LG