Sepleriň elýeterliligi

Obama Putiniň Siriýa goldawyny tankytlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin.

Amerikan prezidenti Barak Obamanyň aýtmagyna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Damasky goldamagy onuň ýolbaşçylygynyň ýaramzdygyny görkezýär. Moskwa bolsa pitneçilere garşy göreşinde özüniň kanuny hökümeti goldaýandygyny aýdýar.

Obama 11-nji oktýabrda "Jenap Putin diňe howp salmak bilen özüniň ýeke-täk ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady aýak üstünde saklamak üçin indi öz esgerlerini, öz goşunyny bagyş edýär" diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti "CBS" telekanalynyň "60 Minut" atly habar programmasynda eden çylyşynda "Olaryň bu işi etmegi güýçlüligiň alamaty däl" diýdi.

"Keserip ýatan krizisiň çözgüdiniň talap edýan zadynyň täze hökümete geçilmekdigine esasy aktýorlar düşünmeli" diýip, Obama 9-njy oktýabrda ýazga alnan interwýuda tekrarlady.

Ol soňra hem: "Munuň ýok ýerinde iş ýol almaz" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylyşyna görä, Siriýanyň hökümet güýçleri 11-nji oktýabrda gozgalaňçylara garşy söweşinde ep-esli öňegdişilik gazanypdyr. Munuň sebäbi-de Orsýetiň [aram oppozisiýanyň garşysyna] urýan howa zarbalary.

Hökümet güýçleri demirgazyk-günbatar welaýat Idlip bilen Hamada öňegidişlik gazanýar diýip, 11-nji okýabrda hem Damask hem-de oppozisiýanyň aktiwistleri aýtdylar.

Putin 11-nji oktýabrda Orsýetiň döwletiň eýeçiligindäki "Rossiýa-1" telekanaly tarapyndan köpçülige ýetirilen interwýuda Moskwanyň maksady Siriýanyň prezidentiniň "kanuny häkimiýetini durnuklylaşdyrmak" we Siriýada "syýasy eglişik üçin [gerekli] şertleri döretmek" diýdi.

Putin "Halkara terroristleriniň bir diwiziýasy paýtagtyň golaýynda durka Siriýanyň hökümetinde gepleşige, meger, köp isleg bolmaz, ol gaýta özüni öz paýtagtynda gabaw astynda duýar" diýýär.

Zarbalar

Ors prezidenti Moskwanyň Siriýa guryýer goşunyny ibermejekdigini ýene bir gezek gaýtalady. Ol şeýle hem Orsýet howa urgularyny "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerinden has köp aram oppozision güýçlere garşy gönükdirýär diýilýäni inkär etdi.

11-nji oktýabrda Orsýet öz uçarlarynyň geçen 24 sagadyň içinde Hama, Latakiýa, Idlip we Rakka welaýatlarynda 60-dan agdyk operasiýany amala aşyrandygyny, munda hem esasy nyşananyň "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri bolandygyny aýtdy.

Siriýanyň oppozision güýçleri bilen günbatar hökümetleri bolsa Orsýetiň "Yslam döwleti" topary bilen hiç hili ilteşigi ýok gozgalaňçy toparlary nyşana alýandygyny aýdýarlar.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi bilen Britaniýada ýerleşýan Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçylar guramasy hökümet güýçleriniň 11-nji oktýabrda Idlip welaýatynda Tal Skik sebitini eýeländigini habar berdiler.

Demirgazyk-günbatardaky Hama welaýatynda hem režimiň güýçleri we onuň bilen ýaranlykdaky Liwanyň "Hizbullah" atly şaýy milisiýa toparynyň söweşijileriniň Al-Bahsa şäherini eýeländigi aýdylýar.

Köplenç Hama welaýatynda iş alyp barýn gozgalaňçy topar Jabhat al-Şamyň (Şam fronty) harby býurosynyň başlygy Abu Hamed hökümet güýçleriniň tanklardan, agyr artilleriýadan we taze ýer-ýer raketalaryndan peýdalanyp, öňegidişlik gazanandygyny bildirdi.

Waşington Assady häkimiýet başynda galmak üçin öz halkyna zulum-sütem edýänlikde aýyplap, ol Siriýada uruşdan soňraky hökümetiň bir bölegi bolup bilmez diýip aýak direýär.

Orsýet bolsa Amerikanyň bu pozisiýasyny ret edip, "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerini ýeňmek üçin iň gowy mümkinçilik - Assad bilen onuň goşuny diýýär.

XS
SM
MD
LG