Sepleriň elýeterliligi

Hyjabyň aýal adamynyň bedenini doly ýapýan "burka" we geýeniňde diňe gözleriň görünýän "nikap" ýaly görnüşleri Ýewropada uly jedellere sebäp bolýar. Jedelleriň ählisi diýen ýaly dini azatlyklar, zenan hak-hukuklary, dünýewi kadalar we hatda terrorçylyk gorkusy ýaly temalar bilen baglanşykly. Köpsanly syýasatçylar, etniki we dini azlyklaryň assimilýasiýasy üçin has köp işleriň edilmeginiň hökmanydygyny nygtaýarlar.

Fransiýa

Jemgyýetçilik ýerlerinde burka geýilmegini gadagan eden ilkinji ýurt Fransiýa boldy. Günbatar Ýewropada iň köp musulman ilata eýe bolan ýurt - Fransiýadyr. Bu ýurtda takmynan 5 million musulman ýaşaýar we olardan takmynan 2 müň zenan burka geýinýär.

2011-nji ýylyň 11-nji aprelinde güýje giren gadagançylyga görä, fransuz ýa-da daşary ýurt raýaty bolsun tapawudy ýok, hiç bir zenan ýüzi ýapyk ýagdaýda öýünden daşaryk çykmaly däl edilipdir. Bu kada eýermeýänlere 150 ýewro möçberinde jerime salynýar. Zenany öz ýüzüni ýapmaga mejbur eden adama salynjak jerimäniň möçberi bolsa 30 müň ýewrodyr.

24 ýaşyndaky bir fransuz zenany bu gadaganyň dini azatlyga garşydygyny öňe sürýär. Onuň bu ugurda beren arzasyna 2014-nji ýylyň 2-nji iýulynda sereden Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy bu gadagançylygyň öz güýjünde galýandygyny yglan etdi.

Fransiýanyň halkynyň we şol sanda musulmanlarynyň aglaba köpçüligi hökümetiň burkanyň fransuz jemgyýetiniň gymmatlyklaryna gabat gelmeýändigi baradaky garaýşyny goldaýarlar.

Fransiýada döwlet mekdeplerinde hyjap 2004-nji ýylda gadagan edildi. Din bilen döwletiň birek-birekden aýrylýandygy kanun esasynda kadalaşdyrylan ýurtda ädilen bu ädim hem syýasy we jemgyýetçilik taýdan uly goldaw aldy.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 2012-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli bu kada eýermeýän 425 zenana jerime salyndy. Zenanlardan 66 sanysyna bolsa hyjap gadagançylygy kadasyna gabat gelmeýän hereket edendigi üçin berk duýduryş berildi.

Belgiýa

Seýilgähler we köçeler ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde zenanyň bedenini durşy bilen ýapyp, onuň kimdigini anyklaşdyrmaga mümkinçilik bermeýän geýim geýinmegini gadagan edýän kada Belgiýada 2011-nji ýylyň iýul aýynda güýje girizildi.

Gadagançylyga garşy berlen arza 2012-nji ýylyň dekabr aýynda garan Konstitusion sud bu kanunyň adam hukuklaryny bozmaýandygy baradaky karara geldi.

Ispaniýa

Barselonanyň şäher häkimligi, bazar we kitaphana ýaly käbir jemgyýetçilik ýerlerinde burka geýilmegini gadagan edipdir. Şeýle gadaganyň bütin Ispaniýa ýaýradylmagy planlaşdyrylmaýanam bolsa, Kataloniýada azyndan iki şäher bu gadagana eýerilmegini saýlap aldy.

Ýöne ýokary kazyýet 2013-nji ýylyň fewral aýynda Lýeýda şäherindäki gadaganyň ýatyrylmagy barasynda karar çykardy. Kazyýet bu gadagan etmäniň dini azatlygy çäklendirýändigini belledi.

Barselonada adamynyň kimdigini anyklap bolmajak derejede ýüzüni ýapmagynyň gadaganlygy hyjap bilen bir hatarda, motosiklet sopbajy we yüzi ýapýan topbular ýaly geýimleri hem öz içine alýar.

Britaniýa

Britaniýada yslam eginbaşlary bilen baglanşykly hiç hili gadagançylyk ýok. Ýöne mekdeplere islän eginbaşlaryny özleri kesgitläp biler ýaly aýratyn ygtyýar berlipdir.

London.

London.

2012-nji ýylyň ýanwar aýynda ”Garaşsyzlyk” partiýasynyň burkanyň gadagan edilmegi baradaky çagyrşyndan soň Mekdepler birleşiginiň owalky ýolbaşçysy Ed Balls "Adamlara köçede nähili egin-eşik geýip-geýmejegini aýtmak Britaniýa ýaraşmaz" diýip çykyş etdi.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda içeri işler ministri Jeremy Browne mekdepler ýaly jemgyýetçilik ýerlerde yslam eginbaşlaryndan peýdalanylmagy meselesinde ählihalk maslahatyny geçirmäge çagyrdy.

2014-nji ýylda Ýewropa parlamentiniň saýlawlarynda ”Garaşsyzlyk” partiýasy birinji orunda 24 orun gazandy. Partiýanyň ýolbaşçysy Nigel Farage ençeme gezek öz çykyşynda, burka geýilmeginiň Britaniýanyň ýuwaş-ýuwaşdan bölünmegine sebäp bolmak bilen bir hatarda howpsuzlyga hem zeper ýetirýändigini tekrarlady.

Gollandiýa

2012-nji ýylda ýurdy dolandyran sagçy merkezi koalisiýa dargansoň ol koalisiýanyň ýurtda yslam eginbaşlaryna gadaganlyk girizmek plany hem puja çykdy.

Ondan owal 2006-njy ýylda şoňa meňzeş kanun çykarmak üçin synanyşyk edilenem bolsa, bu synanyşyk şowsuzlyk bilen tamamlandy. Halk wekilleri kabul ediljek kanunyň konstitusiýa gabat gelmejekdiginden howatyrlandylar.

Gollandiýanyň, ýagny Niderlandiýanyň 16 million umumy ilatynyň ýüzden 5 bölegi musulmanlardyr. Olardan hem diňe takmynan 300 töweregi nikap ýa-da burka geýinýär. Adaty hyjap bolsa has giň ýaýran.

Türkiýe

Türkler indi 85 ýyldan bäri hyjaby türkler üçin yzagalaklygyň nyşanasy hasaplan Mustafa Kemal Atatürküň guran dünýewi döwletinde ýaşap gelýärler. Bu tema, aslynda ilatynyň aglaba köpçüligi musulman bolan Türkiýede jemgyýeti ikä bölen esasy jedelli temanyň biridir.

Ýurtda zenanlaryň üçden iki bölegi, şol sanda premýer-ministriň we prezidentiň aýallary hem gyzlary hyjap geýinýärler.

2008-nji ýylda konstitusiýa girizilen üýtgeşiklikden soň uniwersitetlerdäki hyjap gadaganlygy gowşadyldy. Diňe ýüzi durşy bilen açyk görkezýän hyjaba rugsat berilýär. Adamyň bedenini tanalmajak derejede durşy bilen ýapýan hyjap geýimleri ýurtda henizem gadagan.

Türkiýede 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda kazyýet, polisiýa we harby edaralardan galan döwlet işlerinde hyjap gadaganlygy ýatyryldy.

Italiýa

Italiýada birnäçe şäherde burka gadaganlygy bar. Tapawutly hökümetleriň dolandyrýan döwürlerinde bu gadaganyň tutuş ýurda ýaýradylmagy meselesine garalanam bolsa, her gezekde biragyzdan bir karara gelnip bilinmedi.

Ýurtda käbir şäher häkimlikleri suwa düşmek üçin geýilýän yslamy eginbaşlaryň geýilmegini hem gadagan edýärler.

Daniýa

Hökümet 2008-nji ýylda sülçülere kellä ýaglyk oralmagy we şuňa meňzeş dini hem syýasy simwollar bilen bilelik-de haç, jöhit topbusy we hyjap ýaly geýimleri geýmegiň gadagandygyny habar beripdi.

Yslama garşy çykyşlary bilen tanalýan ”Daniýanyň halk partiýasy” gadaganyň sülçülerden daşgary, mugallymlara we lukmanlara hem degişli edilmelidigini öňe sürýär.

Germaniýa

Germaniýada yslam eginbaşlaryna bütin ýurduň çäginde gadaganlyk girizýän haýsam bolsa bir kanun ýok.

Germaniýadaky musulmanlar.

Germaniýadaky musulmanlar.

Konstitusion sud 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda mekdepde ýaglyk daňynmak isleýän bir mugallymanyň tarapyny tutýan karar kabul etdi. Sud şol bir wagtyň özünde-de welaýatlaryň öz ýerli kada-kanunlarynda bu temada islän üýtgeşikligi girizip biljekdigini aýan etdi.

Germaniýanyň iň azyndan 16 welaýatynda mugallymalara ýaglyk daňynmaklyk gadagan. Hessen welaýatynda bolsa bu gadagançylyk ähli döwlet işgärlerine degişli.

Russiýa

Russiýa Federasiýasynda ilkinji gezek Stawropol sebitinde hyjap gadagan edildi. Ýokary kazyýet 2013-nji ýylyň iýul aýynda bu gadaganyň öz güýjüni saklaýandygyny bildirdi.

Çeçenistanyň ýolbaşçylary bolsa yslam eginbaşlary bilen baglanyşykly döwlet syýasatyna hiç wagt eýermändiler. Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow 2007-nji ýylda döwlet işlerinde zenanlaryň ýaglyk oranmagy barasynda buýruk çykarypdy. Bu ýagdaý Russiýa Federasiýasynyň kanunyna gabat gelmeýänem bolsa, şu wagta çenli durmuşa geçirilip gelinýär.

Kadyrow munuň bilen bir hatarda hatda yslam eginbaşyny geýinmeýän zenanlaryň üstüne peýtboll tüpeňinden boýag atýan adamlary açyk goldap çykyş edýär.

Şweýsariýa

Şweýsariýanyň adalat ministri Ewelin Widmer-Şlumpf (Eveline Widmer-Schlumpf) "Adamynyň daşky keşbini durşy bilen tanalmaz derejede örtýän eginbaşlary geýýän zenanlar gaty köpelmäge başlasa, onda muňa gadaganlyk girizmek meselesini gözden geçirmeli bolar" diýýär.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda italýan dilinde geplenilýän Tiçino kantonynda bu sorag boýunça geçirilen referendumda halkyň ýüzden 65 bölegi jemgyýetçilik ýerlerinde burkanyň gadagan edilmegi üçin ses berdi. Bu ýagdaýa ýurtda ilkinji gezek duş gelindi, ýagny Şweýsariýanyň 26 kantonyndan hiç biri şoňa çenli şeýle gadagançylygyň girizilmegini goýmandyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG