Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýer titreme boldy


Türkmenistanda 5.0 magnitudaly ýer titremäniň bolandygyny Ýewropa-orta ýer deňzi regionynyň seýsmologiki merkezi habar berdi.

Maglumata görä, ýer sarsgynlarynyň merkezi Aşgabatdan 123 kilometr, Bäherdenden 30 kilometr uzaklykda ýerleşipdir, ýer titreme UTC ýagny dünýä boýunça kesgitlenen uniwersal wagt boýunça 21:37-de bolupdyr. Bu Türkmenistanyň wagty boýunça 13-nji oktýabryň gije sagat 2:37 gabat gelýär.

Häzirki ady Baharly, ozlaky ady Bäherden şäheriniň ýaşaýjylary gije sagat üç töwereginde ýer yranmasyny duýup, özleriniň öýlerinden çykyp, daňdana çenli köçede bolandyklaryny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýany barada maglumat ýok.

Türkmen mediasy ýer titreme barada maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG