Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask: Orsýet ilçihanasyna raketa atyldy


Orsýetiň Damaskdaky ilçihanasy
Orsýetiň Damaskdaky ilçihanasy

Iki raketa Orsýetiň Siriýadaky ilçihanasyna zarba urdy. Bu hökümetiň tarapdarlarynyň Moskwanyň Siriýa harby taýdan aralaşmagyna minnetdarlyk bildirmek üçin ilçihananyň öňünde jemlenen wagtyna gabat geldi.

Žurnalistler ilçihananyň binasyna düşen birinji raketanyň dowul döredendigini, adamlaryň gaçyp başlandygyny aýtdylar.

Frans Press agentligi (AFP) hüjümiň bolan wagtynda Damaskda ilçihananyň öňünde ýygnanan adamlaryň sanynyň 300 çemesi bolandygyny habar berdi.

Oppozision söweşijiler geçmişde ilçihanany oka tutupdy, emma 13-nji oktýabrda bolan hüjümiň ilçihananyň öňünde bolan üýşmeleň bilen bagly-bolup bolmandygy belli däl.

Orsýet Siriýada söweşijilere garşy howa hüjümlerini 30-njy sentýabrda başlady.

XS
SM
MD
LG