Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Parlament ýadro ylalaşygy goldady


Eýranyň IRNA resmi habar agentligi Eýranyň parlamentiniň hökümetiň dünýäniň iň täsirli ýurtlary bilen ýadro ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin goldaw berendigini aýtdy.

Muňa garamazdan, ylalaşyk boýunça karary kabul etmek bilen Eýranyň kanun çykaryjylary halkara barlagçylarynyň Eýranyň ýadro desgalaryna diňe çäkli derejede goýberilmelidigini bellediler.

Eýranyň dünýäniň iň täsirli ýurtlary bilen iýul aýynda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda Eýrana garşy halkara sanksiýalary ýatyrylmaly, Tähran bolsa öz ýadro programmasyny çäklendirmeli.

Eýranyň parlamentiniň ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça makullan karary baş ruhany ýolbaşçylarynyň tassyklamagy üçin tabşyrylar.

XS
SM
MD
LG