Sepleriň elýeterliligi

AI Siriýadaky kürtleri aýyplady


“Amnesty International” guramasy ABŞ tarapyndan goldanýan Siriýanyň kürt söweşijilerini kürt bolmadyk ýaşaýjylaryň müňlerçesini ýaşaýan ýerlerinden kowmak we olaryň öýlerini ýykmak ýaly uruş jenaýatçylyklaryna gatnaşmakda aýyplaýar.

Gurama kürtleriň gözegçiligindäki ondan gowrak oba degişli wakalary hasaba alypdyr. Bu ýerde Ilaty goramak boýunça toparyň ýerli adamlary öýlerini terk etmäge mejbur edip olaryň jaýlaryny ýumurandygy aýdylýar.

Guramanyň krizisler boýunça geňeşçisi Lama Fakihyň 13-nji oktýabrda aýtmagyna görä, kürtleriň awtonom administrasiýasy “uruş jenaýatçylygy bolan hüjümler arkaly halkara gumanitar kanunlaryny depeleýär”.

Kürtleriň Ilaty goramak boýunça toparynyň metbugat-wekili Redur Kselil aýyplamalary “galp çaklama” diýip atlandyrdy.

Bu kürt topary ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky “YD” toparyna garşy howadan amala aşyrylýan kampaniýada iň netijeli gury ýer partnýory hasaplanylýar. Mundan öň bu topar öz gözegçiligindäki giňişliklerden arap we türkmen ilatyny kowmak barada öz adyna aýdylan aýyplamalary hem ret edipdi.

XS
SM
MD
LG