Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýa: MH17 uçaryna raketa düşdi


Gollandiýaly derňewçiler geçen ýylda Gündogar Ukrainada heläkçilige uçranMalaýziýanyň MH17 kysymly howa uçarynyň Orsýetde öndürilen BUK ýer howa raketa sistemasyndan urlup ýere gaçyrylandygyny habar berdiler.

Olar uçaryň çep tarapyna raketanyň düşmeginiň netijesinde partlamanyň bolandygyny aýtdylar.

Derňewleriň netijeleri 13-nji oktýabrda Gollandiýada yglan edildi.

2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň gündogarynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki territoriýada bolan uçar heläkçiliginde 298 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG