Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan dünýä türkmenlerine nähili kömek edýär?


Eýranda ýaşaýan türkmenler.

Eýranda ýaşaýan türkmenler.

Bilinşi ýaly Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan bäri her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden çagyrýan adamlary bilen çäreler gurnaýar.

Türkmenistanyň metbugatynda bu çäreler, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler barada edýän aladalary hökmünde giňişleýin orun alýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky wagtlarda diňe bir Siriýada we Yrakda ýaşaýanlar däl, eýse Türkmenistanyň "dul deňşir goňşusy" diýen ýaly türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan owganystanly etniki türkmenleriň hem ýagdaýlary uruş şertlerinde hasam ýaramazlaşýar.

Dünýä türkmenleriniň aglaba köpçüliginiň uruş ýagdaýynda kyn günleri başdan geçirýän döwründe dünýä ýaýran türkmenlere hemaýatkärlik etmek maksady bilen döredilendigi aýdylýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň olara nähili peýdasy bolýar? Garaşsyzlyk baýramy çäginde geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň çärelerinde dünýä türkmenleriniň ýagdaýlary nähili ara alnyp maslahat edilýär? Türkmenistanyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi dünýä türkmenlerine nähili kömek edýär we etmeli?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky gepleşigini şu tema gönükdirýär.

Hemmeleri bu temadaky gepleşige bilýän maglumatlary, başdan geçirmeleri, tejribeleri we teklipdir-garaýyşlary bilen goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgylarymyz: hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com

Şeýle-de bu tema boýunça öz pikir-garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde ýazmagyňyza garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG