Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen futbolçylary Guamany ýeňdiler


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Guamanyň komandasyny 1:0 hasap bilen utdy.

2018-nji ýyl boýunça Dünýä çempionatynyň saýlap-seçiş oýunlarynyň çägindäki bu duşuşyk Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçirildi.

Türkmen futbolçylary «D» kategoriýasynda Eýranyň, Omanyň, Guamanyň we Hindistanyň ýygyndy komandalary bilen bilelikde çykyş edýärler.

13-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen ýaryşyň netijesinde türkmen komandasy 7 bal gazanyp, öz kategoriýasynda üçünji orny eýeledi. Birinji ýerde 11 bal bilen Oman, ikinji ýerde 8 bal bilen Eýran barýar.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy 12-nji noýabrda Eýranyň, 17-nji noýabrda Omanyň komandalary bilen ýaryşarlar.

XS
SM
MD
LG