Sepleriň elýeterliligi

Granada


Ispaniýanyň Granada şäherindäki Alhambra köşgi.

Ispaniýanyň Granada şäherindäki Alhambra köşgi.

Granadanyň adyny ilki aýdymdan eşitdim. Ýaşlyk döwrümizde rus şahyry Mihail Swetlowyň “Granada” goşgusyny aýdyma öwürdiler. Ony gitaranyň ýanynda, flamengo sazlarynyň äheňinde aýdýardylar. Soňra bu ajaýyp eseri Gurbannazar Ezizow türkmen diline terjime etdi.

Göwnüme bolmasa, ol taýsyz beýik eser ýalydy. Soňra Andaluz topragy, ol barada dörän aýdym-sazlar hem sungat eserleri bilen tanşanymda, M. Swetlowyň eseri şolardan biri bolup göründi. Şahyr hem: “Dostum, Granadany kitapdan tapdym” diýipdi.

Aýdyma öwrülen toprak

Granada dünýäniň iň gözel hem bereketli künjeklerinden biri bolan Andaluziýada ýerleşýär. Bu şäher mawr soltanlarynyň soňky nesliniň paýtagty bolupdyr.

Granadanyň merkezinde Alhambra köşgi bar. Ol Andaluz merjeni saýylýar. Köşgüň töweregini beýle bir beýik bolmadyk, ýöne örän owadan, üsti küňreli daş gala gurşap dur. Galanyň içini bolsa salkyn saýaly baglar, dürli-dümen güller hem çeşmeler bezeýär. Bularyň bary aýratyn bir sungat. Bag şahalaryndan syzyp geçýän inçejik kuýaş ak däl, eýsem reňkli bolup görünýär.

Gyzyl daş düşelen ýoda bolsa Alhambra köşgüne alyp barýar.

Alhambra köşgünde mawr soltanlaryndan galan baýlyk ýok. Köşk köp gezek talaňçylyga uçrapdyr. Diwarlardan hem bezemen kerpiçden başga alaýar ýaly zady talapdyrlar. Ýöne şol diwarlar, onuň ýüzündäki hem ýerdäki nagyşlar akylyňy haýran edýär.

Täsin Alhambra taryhyň hem ony döreden milletiň buýsanjy.

Baýlyk

Ýaradan bu topraga nämeler bermändir?! Gaýradaky daglaryň üsti garly, ilerki daglardan aňyrda deňiz çyrpynýar. Bu ýerde asman güneşli. Baýyrlar hem jülgeler adam zähmeti bilen keşdelenipdir. Zeýtun baglary, ekinli jülgeler biri-birine utgaşyp, älemi dolduryp dur. Aslynda şäheriň ady nar miwesinden emele gelipdir.

Granada, asla tutuş Andaluziýa Günbatarda hem arap edebiýatynda örän meşhur bolupdyr. Ol Al-Andaluse ady bilen ençeme arap şahyrlarynyň eserinde wasp edilýär. Alhambradaky Nadiriň köşgünde goýlan 12 şiriň şekili hem suw çüwdürimleri dünýäniň gözellik genjine girizilipdir. Arap şahyry Ibn Zamrak ony wasp edip kasyda (qasida) döredipdir. Ol kasyda 12 ak şiri wasp edip, şindizem arap dilinde ýaňlanyp dur.

Dürli ugurdan döredilen beýik eserler bu täsin topragy hem Gündogaryň, hem Günbataryň aşa söýendiginden habar berýär.

Serhetsiz gözellik

Andaluziýanyň gözelligi saza hem owaza, reňklere hem poeziýa siňipdir. Köşkler mermer bilen bezelipdir. Diwara kerpiç ornuna nagyş goýlupdyr. Bu topraga gelen araplar öz ilinde bolmadyk köşkleri şu ýerde gurupdyrlar. Äpet surata meňzäp duran baglary hem seýilgähleri döredipdirler. Köşkleriň içini täsin suw çüwdürimleri bezeýär.

Şu gözelligi wasp etmek üçin, araplar bu ýere gitara getiripdir. Bu topraga seýran eder ýaly, arap atlaryny besläpdirler.

Andaluz topragyndaky gözellik bilen biziň milli sungatymyzyň arasynda göze görünmez baglanyşyk bar. Gitaranyň owazy dutary ýatladyp dur. Köşkleriň diwaryndaky bezegleriň arasynda, biziň haly-palaslarymyzdaky nagyşlar görünýär.

Biziň dutarymyzy ýatladyp duran joşgunly gitaranyň owazy beýik kompozitor Manuel de Fallanyň “Ispaniýanyň baglaryndaky gijeler” eserinde ýaňlanýar. Kompozitor ömrüniň bir bölegini şu şäherde geçiripdir. Şolar ýaly mukamy elli ýyldan soň Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy” eserinde, täze bir öwüşginde döredip bildi.

Bu şäherde ýaşan hem onuň eteginde gurban bolan Federiko Garsia Lorkanyň goşgularyny Annaberdi Agabaýew hem şahyr Şiraly türkmen diline geçirdiler.

Bu gözelligi göreniňde, ýüregiňdäki bir boşluk, göwnüň bir ýetmezi dolan ýaly bolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG