Sepleriň elýeterliligi

Putin kosmodrom gurluşygyny tankyt etdi


Orsýetiň prezidenti W.Putin Wostoçnyý Kosmodromynda, Amur regiony, 14-nji oktýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti W.Putin Wostoçnyý Kosmodromynda, Amur regiony, 14-nji oktýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Uzak Gündogarda kosmiki merkezi gurmak işini dört aýlap yza tesdirmek üçin resmileri tankyt etdi.

Wostoçnyý Kosmodromynyň gurluşygynyň korrupsiýa bilen bagly yza tesdirilendigi habar berildi. Işgärler bahar aýlarynda zähmet hakynyň tölenmändigi sebäpli iş taşlaýşy yglan edip, diňe Putine göni ýüzlenmekleriniň netijesinde öz gazanjyna eýe bolupdylar.

Kontrakt boýunça işleýän üç şirketiň ýolbaşçylary korrupsiýa bilen baglylykda tussag edildiler.

Putin 14-nji oktýabrda eden çykyşynda gurluşykda güman edilýän jenaýatçylyklary we kemçilikleri içgin öwrenmek üçin derňewçilere basyş etjekdigini resmilere aýtdy.

Şeýle-de putin Wostoçnyý kosmodromyndan ilkinji uçuşyň indiki ýylda amala aşyrylmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Kosmiki merkezini gurmak arkaly Orsýet adam tarapyndan dolandyrylýan kosmiki gämileri uçurmak üçin öz desgasyna eýe bolar. Häzir Orsýet sowet döwründe gurlan Baýkonur kosmodromyndan Gazagystana kireý töläp peýdalanýar.

XS
SM
MD
LG