Sepleriň elýeterliligi

'YD' Orsýete, ABŞ garşy urşa çagyrdy


“Yslam döwleti” söweşiji topar musulmanlary orsýetlilere we amerikanlara garşy ‘’mukaddes urşa’ çagyrdy.

“YD” toparynyň metbugat-wekili Abu Muhammad al-Adnani bu çagyryşyny 13-nji oktýabrda ýaýradan ses ýazgysynda mälim etdi.

ABŞ we Orsýet Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy gönükdirilen aýra-başga howa hüjümlerini amala aşyrýarlar.

Emma Waşington Moskwanyň alyp barýan kampaniýasynyň başga gozgalaňçy toparlary, şol sanda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän toparlary nyşana alýandygyny aýdýar. Orsýet bu aýyplamalary ret edýär.

Orsýetiň Siriýada iki hepde bäri alyp barýan howa hüjümleri prezident Başar al-Assady güýçlendirdi, ABŞ Assadyň garşydaşlaryny goldamak boýunça kampaniýasyny gaýtadan kesgitlemäge çalyşýar.

XS
SM
MD
LG