Sepleriň elýeterliligi

Wira Sawçenkonyň çykyşyna rugsat berilmedi


Pilot Nadia Sawçenkonyň dogany Wira

Pilot Nadia Sawçenkonyň dogany Wira

Orsýetiň häkimiýetleri 13-nji oktýabrda ukrainaly pilot Nadia Sawçenkonyň aýal doganynyň şaýat hökmünde görkezme bermegine rugsat bermediler.

Sawçenkonyň dogany Wiranyň şu hepdede esasy şaýat hökmünde çykyş edip, iki orsýetli žurnalisti öldürmekde aýyplanýan öz doganyny goramagyna garaşylypdy. Sawçenko günäli diýlip yglan edilse oňa 20 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Sawçenko garşy gozgalan işi adalatyň şowsuzlygy diýip atlandyrýarlar.

34 ýaşly dikuçar piloty Nadia Sawçenko 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada iki orsýetli teležurnalistiň ölümine sebäp bolan howa hüjümlerine gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG