Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukraina: Bir esger wepat boldy


Ukrainanyň gündogaryndaky separatist regionynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan bir ukrain esgeri öldürildi we ikisi ýaralandy.

Sentýabr aýynyň başyndan bäri köpçülikleýin berjaý edilýän ýaraşyk taraplara öz ýaraglaryny yza çekmäge şert döredipdi.

Ukrainanyň goranmak ministri Stepan Poltorak hüjümiň 13-nji oktýabrda bolandygyny, separatistleriň Awdiiwka obasynyň golaýynda Ukrainanyň goşunlaryna tarap granata atandygyny aýtdy. Hökümetiň gözegçiligindäki bu oba separatistleriň elindäki Donetsk şäherinden demirgazyk tarapda ýerleşýär.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk regionlarynda hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda bolan söweşleriň netijesinde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 7900-den gowrak adam wepat boldy .

XS
SM
MD
LG