Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: internet ogurlygyň üsti açyldy


ABŞ-nyň Adalat departamenti häkimiýetleriň internet arkaly ogurlyk etmek boýunça çylşyrymly shemanyň üstüni açandyklaryny we munuň bilen bagly moldowaly jenaýatçynyň tussag edilendigini aýtdylar.

Moldowaly Andreý Ghinkul 28-nji awgustda Kiprde tussag edilipdir. ABŞ onuň ekstradisiýa edilip, ençeme işler boýunça, şol sanda jenaýatçylykly dildüwişik, elektron ogurlygy we bank talaňçylygy ýaly aýyplamalar boýunça jogap bermegini isleýär.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy Ghinkulyň “Bugat", "Cridex" ýa "Dridex" atlary bilen tanalan shemasy arkaly ABŞ-nyň 10 million dollar çemesi ýitgi çekendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG