Sepleriň elýeterliligi

Eýran Orsýet bilen hyzmatdaşlygy öwdi


Alaeddin Boroujerdi (ortada) Eýranyň parlamentiniň beýleki agzalary bilen gepleşýär.

Alaeddin Boroujerdi (ortada) Eýranyň parlamentiniň beýleki agzalary bilen gepleşýär.

Eýranyň baş parlament agzasy öz ýurdunyň Orsýet, Siriýa we Yrak bilen hyzmatdaşlygynyň regionda terrorçylyga garşy göreşiň “üstünliklidigini” görkezýändigini aýtdy.

Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat boýunça komitetiniň başlygy Alaeddin Boroujerdi 14-nji oktýabrda Damaskda Siriýanyň resmileri, şol sanda prezident Başar al-Assad bilen gepleşikleriniň öňüsyrasynda çykyş etdi.

Boroujerdi ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky terrora-garşy koalisiýasynyň netije gazanmakda şowsuzlyga uçrandygyny belledi.

Moskwa 30-njy sentýabrda Siriýada başlan howa hüjümlerinde “Yslam döwleti” toparyny we beýleki söweşiji toparlary nyşana alýandygyny aýdýar. Emma ol Günbatar we beýleki regional oýunçylar tarapyndan goldanýan gozgalaňçy toparlara hem zarba urýar.

Orsýetiň harby hereketleri Bagdatda ýerleşýän aňtaw maglumatlary paýlaşýan merkez tarapyndan goldanýar. Bu merkez Orsýetiň, Yragyň, Eýranyň we Siriýanyň tagallalaryny sazlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG