Sepleriň elýeterliligi

Nepesgulyýewi “derhal azat ediň”


"Oguzhan" köşkler toplumy. Aşgabat

"Oguzhan" köşkler toplumy. Aşgabat

Abraýly media guramalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ençemesiniň jogapkär ýolbaşçylary Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň derhal azat edilmegini sorap, umumy hata gol goýdular.

Şu aýyň 15-ne ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda Waşingtonda geçiriljek ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýalaryň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Merdowa we ABŞ-däki ilçisi Meret Orazowa ýollanan hata:

  • Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Pežiç,
  • Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň Birleşen Ştatlardaky direktory Delfine Halgand,
  • Türkmenistanyň Alternatiw habarlary neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew,
  • Pagta Kampaniýasy toparynyň koordinatory Matthew Fişder-Dali,
  • Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýokary derejeli maslahatçysy Iwar Dale,
  • Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Raýçel Denber,
  • Freedom House toparynyň wise-prezidenti Daniel Kalingaert dagylar gol goýdular.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, Azaltyk Radiosynyň we Türkmenistanyň Alternatiw habarlary neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew şu ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde ýitirim boldy.

Saparmämmediň ýakynlary gytaklaýyn, üçünji çeşmelerden onuň “bikanun neşe serişdeleriniň gaçakçylygy” aýyplamasy esasynda tussag edilip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini bilip galdylar.

Emma türkmen resmileri Saparmämmediň ýakynlaryna oňa çykarylan hökümiň nusgasyny görkezmeýärler. Munuň üstesine-de, ogluna ýöňkelýän aýyplamalary iňkär edýän Saparmämmediň ejesiniň tussaglykdaky perzendini görmek synanyşyklarynyň ählisi şowsuz gutardy.

14-nji oktýabrda ýaýradylan hatda Türkmenistanyň türmelerindäki bar bolan aýylganç şertler sebäpli Sapamämmediň saglyk we howpsuzlyk ýagdaýyndan-da uly aladalanma bildirilýär.

Hata gol goýanlar, eger-de türkmen häkimiýetleri Nepesgulyýewiň ykbaly baradaky maglumatlary ýaşyrmagyny dowam etdirseler, onda Saparmämmediň zor bilen ýitirim edilen hökmünde häsiýetlendiriljekdigine, munuň-da halkara kanunçylygynyň düzgünleriniň gödek bozulmasy boljakdygyna ünsi çekýärler.

Çarşenbe güni ýaýradylan hatda tutuş Ýewraziýa boýunça Türkmenistanyň zor bilen ýitirim edilenleriň iň ýokary görkezijili ýurdy hökmünde hasaba alnandygy, şeýle-de ”Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Media Azatlygy indeksinde ýurduň 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilendigi ýatladylýar. Bu ýagdaýlaryň halkara jemgyýetçiliginiň duşundan boş geçmeýändigi hem nygtalyp geçilýär.

Türkmen häkimiýetlerine ýollanan hatda Saparmämmet Nepesgulyýewiň türkmen häkimiýetleri tarapyndan toslama aýyplamalar esasynda tussag edilmeginiň we onuň ýakynlary bilen duşuşdyrylmazlygynyň Aşgabadyň Halkara Jemgyýetçilik we Graždan Şertnamasynyň çäklerinde öz üstüne alan borçlarynyň gödek bozulmasydygy nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG