Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Gadagan hakykat”


Washington Post” gazeti
Washington Post” gazeti

ABŞ-nyň abraýly habar serişdeleriniň biri “Washington Post” gazetinde şu ýylyň 13-nji oktýabrynda türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna edýän yzygiderli basyşlaryna bagyşlanyp, ýörite makala çap edildi.

Makala Sowet Soýuzy dargandan soň türkmen häkimiýetleriniň 5 million ilatly we tebigy resurslara baý ýurdy “Merkezi Aziýanyň Küweýtine” öwürmek baradaky eden hyýallary bilen başlanýar.

Emma “Washington Post” Türkmenistanda bogujy diktaturanyň ornaşmagy we soňky döwürde energiýa resurslarynyň bahalarynyň pese gaçmagy netijesinde ýurduň ösüşiniň gaýta gitdigiçe “petige direýändigini” ýazýar: ýurtda öňden bäri dowam edip gelýän mugt sosial hyzmatlar ýatyryldy, döwletiň eýeçiligindäki käbir edaralar işgärlerine aýlyklary wagtynda tölemekde kynçylyk çekýär, munuň üstesine-de ýurduň Owganystan bilen serhetlerinde yslamçy söweşijileriň ornaşyp başlandygy aýdylýar.

"Kontrollyk"

Häkimiýetleriň bolsa, bu onçakly oňaýly bolmadyk habarlara jogap hökmünde, bular barada ilata nähilidir bir maglumatyň berilmeginiň öňüni almakçy bolýandyklaryna üns çekilýär.

Hökümet onsuz hem ýurtdaky media serişdeleriniň ählisini öz kontrollygynda saklaýar. Netijede Türkmenistanyň ilaty türkmen dilinde takyk maglumatlary berýän ýeke-täk habar serişdesi bolan Azatlyk Radiosynyň habarlaryna bil baglamaly bolýar diýip, “Washington Postuň” makalasynda nygtalýar. Neşir Azatlyk Radiosynyň “gaýduwsyz habarçylarynyň” ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar, çaga zähmeti, häkimiýetleriň eden-etdiligi, serhetdäki dartgynlylyk barada Türkmenistanyň ilatyny habarly edip gelýändigini ýazýar.

Emma “Washington Post” soňky döwürde türkmen häkimiýetleriniň olaryň hem sesini sem etmek ugrunda tagalla edip başlandyklaryna ünsi çekýär: satellit antennalar “şäheri abadanlaşdyrmak” bahanasy bilen zor bilen aýrylyp başlandy; habarçylara basyşlar artdy, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew iýul aýynda tussag edildi, Azatlyk Radiosynyň başga bir habarçysy Osman Hallyýewiň köp sanly garyndaşlary işlerinden kowlup, ol hem “ýa türmä gidersiň, ýa-da Azatlyk bilen işleşmegi bes edersiň” diýen haýbat bilen işden çekilmäge mejbur edildi.

Jogapkärçilik

“Washington Post” gazeti Türkmenistanyň hökümeti, hiç hili jogapkärçilige çekilmezden, nädip beýle hereketleri edip bilýär diýen soragy goýýar. Gazet ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanda we käbir beýleki ýurtlarda adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýy barada käte-käte çykyş edilýändigi, emma ol ýurtlar babatynda ABŞ-nyň syýasatynda ýeterlik derejede üýtgeşikligiň bolup geçmeýändigi barada ýazýar.

Munuň netijesinde Azatlyk Radiosynyň gaýduwsyz habarçylaryna “awçylyk möwsüminiň açylýandygyny”, şeýle-de millionlarça adamyň hakykaty bilmek mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigini ýazyp, “Washington Post” neşiri “Türkmenistanda hakykaty basyp ýatyrmak” sözbaşyly makalasyny jemleýär.

Belläp geçsek, bu makala 15-nji oktýabrda Waşingtonda başlanýan ABŞ-Türkmenistan ikitaraplaýyn konsultasiýalarynyň öňüsyrasynda köpçülige ýetirildi.

XS
SM
MD
LG