Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenkonyň körpe ogluna dünýä haýran


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko we onuň körpe ogly Kolýa.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko we onuň körpe ogly Kolýa.

Hytaýdan Wenesuela çenli, harby düşelgelerden ekin meýdanlaryna çenli ýaşajyk Kolýa öz kakasynyň ýanyndan galmaýar.

29-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda Belarus toparynyň agzalarynyň biri hem Aleksandr Lukaşenkodan daşgary onuň 11 ýaşyndaky körpe ogly Nikolaý boldy. Kolýany Belarusyň daşary işler ministri bilen metbugat sekretarynyň arasynda oturtdylar.

Körpe Lukaşenkonyň dünýä möçberinde geçirilýän çärä kakasy bilen bilelikde gatnaşyşy birinji gezek däl. Kolýa ilkinji gezek 2007-nji ýylda, haçan-da ol entek üç ýaşyndaka görkezilipdi. Şonda prezident, Kolýa seretmäge adam bolmansoň, ony ýanyna almaga mejbur bolandygyny aýdypdy.

Käbir duşuşyklarda Lukaşenko hut öz körpe oglunyň häkimiýetde öz mirasdüşeri bolup biljekdigini birnäçe sapar gaýtalady.

"Körpämi miraşdüşerlige taýýarlajak. Belki, üçünji diňe prezident bolup biler" diýip, Aleksandr Lukaşenko 2007-nji ýylyň başynda aýdan sözünde degşipdi ýa-da, dogrudanam, çynyny aýdypdy.

Kolýa kämahal kakasyna meňzeş kostýumly we altyn sapançaly hem-de Belarusyň generallarynyň oňa harby çärelerde resmi görnüşde salam berşini hem görmek bolýar. Körpe Lukaşenko ýene nämeleri bilen meşhurlyk gazandyka?

1. Altyn sapança

2009-njy ýylda Brestde geçirilen "Günbatar-2009" atly harby-strategik türgenleşigine Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew hem gatnaşypdy. Lukaşenko şol duşuşyga körpe ogly Nikolaý bilen bilelikde gelipdi we ilkinji gezek öz ors kärdeşine ony tanadypdy. Şol gün Kolýa Medwedewden altyn sapança sowgat alypdy.

Medwedew sapançany oglanjygyň halap-halamandygyny gyzyklanyp soranda, Lukaşenko öz oglunyň deregine: "Gaty gowy sapança. Sebäbi ony Russiýanyň prezidenti sowgat etdi" diýipdi.

2. Wenesuela estafetasy

2012-nji ýylda körpe Kolýa Wenesuelanyň paýtagty Karakasa sapar gurnamak nesip edipdi. Şonda uly Lukaşenko günorta Amerika ýurdunyň prezidenti Hugo Çawes bilen duşuşypdy we onuň bilen energiýa, senagat, nebit önümçiligi hem oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşypdy.

Şonda Aleksandr Lukaşenko "Belta" beren interwýusynda şeýle diýipdi: "Käbirleri Belarus bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletli bähbitli bolup biljekdigine şübhelenýärler. Ynha, bärde meniň ýanymda oglum Nikolaý hem bar. Diýmek, bu ikimiziň bilelikde çynlakaý ýagdaýda özara hyzmatdaşlygyň düýbüni tutandygymyzy görkezýär. Bu estafetany 20-25 ýyl soň ynam bilen tabşyryp boljak adam bar".

3. Olimpiada ýeňijisi

Körpe Lukaşenko 2014-nji ýylda diňe bir Soçidäki gyşky Olimpiada oýunlarynyň açylyşyna däl, eýse şol bir wagtyň özünde döwlet ýolbaşçylary üçin ýörite gurnalan ýapyk jemleýji üýşmeleňe hem gatnaşypdy. Şonda Nikolaýy tribunada Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan bilen bilelikde görüpdiler.

4. Başyňy aýlaýan Hytaý

Kolýa 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda öz okaýan mekdebi we kakasy bilen bilelikde urşuň gutarmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa gidipdi. Şol gün okuwçy oglanjygy döwletiň baştutany Si Szinpin we onuň aýaly bilen tanyşdyrypdylar.

Uly Lukaşenkonyň nygtamagyna görä, şeýle saparlar onuň oglunyň okuwyna päsgelçilik döretmeýär.

Lukaşenko "Maňa onuň okuwa bir gün gidendigi, soňam okuwyň onuň ýanyna gelendigi barada ýazylýan gep-gürrüňler hakda hasabat berýärler. Beýle ýagdaý ýok! Meniň oglum diňe mekdepde okaýar. Onda-da biziň ýaşaýan ýerimiziň golaýyndaky oba mekdebinde okaýar" diýip gürrüň beripdi.

5. Halk bilen ysnyşmak

Kolýa uly çärelerden daşgary prezidentiň halk bilen ysnyşmagyna-da kömek edýär. Awgust aýynda kakasy bilen körpe ogly ýetimhanalar we garrylar öýi üçin kartoşka hem garpyz ýygymyna bilelikde gatnaşyp, kömek beripdiler. Aýdylyşyna görä, şonda olara prezidentiň ekin meýdanyndan bir ýarym sagadyň içinde 70 halta kartoşka ýygnamak başardypdy. Geçen ýyl bolsa belarus prezidenti öz garpyzlarynyň astrahan garpyzyndan "has tagamlydygy" barasynda ýörite beýanat beripdi.

Ýaşajyk Kolýa, bu tomusda bolsa kakasy we fransuz aktýory Jerard Depardýe bilen bilelikde bugdaý ormaga gatnaşdy.

Kolýa Gürjüstana-da sapar etdi. Ermenistanyň prezidenti bilen geçirilen duşuşyklaryň birinde ol kakasynyň dyzynda oturypdy. Elektrik ulagy bilen Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifi aýlapdy we mundan başga-da Rim papasynyň özüni kabul etjekdigi barasynda çakylyk hatyny alypdy.

XS
SM
MD
LG