Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-amerikan gepleşikleri geçiriler


Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow

15-nji oktýabrda Waşingtonda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy bilen ABŞ sapar edýän türkmen delegisiýasy Waşingtonda syýasy konsultasiýalara gatnaşarlar.

Türkmenistanyň resmi toparyna daşary işler ministri Reşit Meredow baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň resmi maglumatynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň söwda-ykdysady, transport, aragatnaşyk, energiýa, oba hojalygy we ösen tehnologiýalar bilen baglydygy aýdylýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynda parahatçylyk, howpsuzlyk, global howplara garşy durmak boýunça partnýorlyga ähmiýet berýändigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG