Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl hüjümlere garşy çäre görýär


Köçede goýlan ýol böwetleri, Ierusalim, 14-nji oktýabr, 2015.
Köçede goýlan ýol böwetleri, Ierusalim, 14-nji oktýabr, 2015.

Ysraýyl palestinleriň hüjümleriniň öňüni almak boýunça tagallalarynyň çäginde Gündogar Ierusalimiň palestin böleklerinde ýol böwetlerini goýdy we tutuş ýurt boýunça esgerleri ýerleşdirdi.

Iň soňky hüjüm 14-nji oktýabrda boldy, palestinaly Ierusalimiň merkezi awtobus stansiýasynyň daşynda 70 ýaşly zenany pyçaklap ýaralady. Polisiýa hüjümçini atyp öldürdi.

Bu zorlukly hüjümler belli bir derejede palestinleriň Ierusalimiň Al-Aksa metjidine ýewreýleriň has köp dalaş edýändigini hasap etmekleri bilen bagly. Ýewreýleriň iki gadymy ybadathanasynyň ýerleşen bu ýeri ýewreýler üçin hem mukaddes hasaplanýar.

Soňky iki hepdäniň dowamyndaky gandöküşikde ýedi ysraýylly we 32 palestinaly, şol sanda hüjümçiler, çagalar we Ysraýyla garşy demonstrasiýa gatnaşan protestçiler öldürildi.

XS
SM
MD
LG