Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň goşuny hüjüme geçdi


Siriýanyň goşuny demirgazyk Homs welaýatynda köpden bäri planlaşdyrylan hüjüme başlady.

Siriýanyň goşunynyň gozgalaňçylaryň elindäki şäherlere garşy basyşyna Orsýetiň söweş uçarlarynyň hem gatnaşýandygy habar berilýär.

Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy guramasy Orsýetiň 15-nji oktýabrda amala aşyran howa hüjümleriniň Talbiseh we Teir Malla şäherleriniň golaýyndaky nyşanlara ýetendigini aýtdy.

Britaniýada ýerleşýän bu gurama Siriýanyň esgerleriniň we Liwanyň Hizballah toparyndan söweşijileriň harby operasiýalara gatnaşýandygyny aýtdy.

Orsýet soňky günlerde howa hüjümlerini artdyryp, 24 sagadyň dowamynda 88 sany çäre geçirendigini 13-nji oktýabrda yglan etdi.

Moskwa “Yslam döwleti” toparyna hüjüm edýändigini aýdýarka, Waşington we onuň ýaranlary orsýet uçarlarynyň prezident Başar al-Assada garşy söweşýän we Günbataryň goldaýan gozgalaňçy toparlaryna zarba urýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG