Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý, Eýran harby gatnaşyklary ösdürmekçi


Hytaý Eýran bilen harby gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýär, diýip Hytaýyň ýokary derejeli admiraly 15-nji oktýabrda Tähranda Eýranyň goranmak ministri bilen geçiren duşuşygynyň yzýany mälim etdi.

Halk azat ediş goşunynyň ýolbaşçysynyň orunbasary admiral Sun Jianguo “bu saparyň maksady mundan beýläk-de Eýran bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy ösdürmek we ikitaraplaýyn harby gatnaşyklar hem özara alada döredýän meseleler barada pikir alyşmakdan ybarat” diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli generaly Mohammad Bakeri iki ýurduň “goranmak boýunça aragatnaşyklary hem ýaýbaňlandyrmak” barada ylalaşandygyny aýtdy.
Hytaý we Eýran ýakyn diplomatik, ykdysady, söwda we energiýa hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Hytaý eýranyň nebitiniň esasy hyrydary.

XS
SM
MD
LG