Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan “aýratyn alada döredýär”


Türkmen häkimiýeti daşarky Yslamyň täsirinden howatyrlanýar.

Türkmen häkimiýeti daşarky Yslamyň täsirinden howatyrlanýar.

Türkmenistan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Dini azatlyklar boýunça ýyllyk hasabatynda “aýratyn alada döredýän” ýurtlaryň arasyna girizildi.

14-nji oktýabrda ýaýradylan Hasabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, dini ynanjyna garamazdan, ähli raýatlaryň kanun öňündäki deňhukuklylygyny kepillendirýändigine garamazdan, Din baradaky kanunyň hasaba alynmadyk dini çäreleri, şol sanda parahatçylykly ybadatlary, köpçülikleýin wagyzlary, dini edebiýaty ýaýratmagy gadagan edýändigi bellenilýär.

Döwlet sekretary Jon Kerriniň tanyşdyran Hasabatynda bellenmegine görä, Türkmenistanda dini azlyklar, hususan-da Iýegowa şaýatlary zuluma, türme tussaglygyna, jynsy zorluk haýbatlaryna duçar edilýärler.

Dini toparlaryň Türkmenistanyň Dini işler boýunça geňeşi bilen işleşmekde, hasaba durmakda, dini çäreleri geçirmek üçin rugsat almakda hem her dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary nygtalýar. Geňeşiň düzümine sünni musulman ymamlary, rus prawoslaw buthanasynyň başlygy we döwlet resmileri girip, ol, esasan, “häkimiýetiň goly” bolup hereket edýär. Ýurtdaky dini edebiýatda, şol sanda Gurhanda we Injilde hem bu Geňeşiň tassyklaýjy möhüri bolaýmaly.

Çarşenbe güni ýaýradylan Hasabatda nygtalyşyna görä, Türkmenistanyň Jenaýat we Administratiw Kodekslerine görä, resmi hasaba duran dini toparlara garşy edilip bilinjek islendik zulumyň öňi alynmaly bolsa-da, bu maddanyň berjaý edilişi doly derejede kepillendirilmeýär. Hasaba alynmadyk toparlara bolsa düýbünden hiç hili gorag göz öňünde tutulmaýar.

Hökümetiň mejbury harby gulluga alternatiw iş hödürlemeýändigi sebäpli dini ynanjy sebäpli gulluk edip bilmeýän raýatlar jezalandyrylyp, türme tussaglygyna höküm edilýärler. Bu ýagdaý sebäpli Iýegowa şaýatlarynyň köp tussag edilýändigine üns çekilýär. Hasabat döwründe Iýegowa şaýatlarynyň alty wekili tussag edilip, 2010-njy ýyldan bäri, gullukdan ýüz öwrendigi üçin, 28-si tussag edilipdir.

Türkmen häkimiýetleriniň syýasaty Yslam dininiň belli bir ugruna daýanýan ideologiýa esaslanýar. Emma muňa garamazdan, häkimiýet daşarky Yslamyň täsirinden we ýerli halkyň Yslama bolan gatnaşagyndan howatyrlanýar. Hökümet Yslam kadalarynyň ýerli milli däplere utgaşdyrylyp berjaý edilmelidigini öňe sürýär.

Türkmen hökümetiniň berýän sanlaryna görä, ýurtda hasaba alnan jemi 121 sany dini gurama we 7 sany dini topar bar. Bularyň 104-si musulman guramalary bolup, olaryň 99-sy sünnüler, galan bäşisi hem şaýylardyr. Ýurtda 13 sany rus-prawoslaw topary webeýleki dini toparlar, şol sanda roman katolikleri, bahaýylar, hare krişnalar we protestantlar hasaba alnan.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Dini azatlyklar baradaky ýyllyk hasabaty bu ýyl indi 17-nji gezek çap edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG