Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ukrainanyň ses berişlikde üstünligine garaşylýar


Ukrainanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde orna eýe bolmak ugrunda 15-nji oktýabrda geçiriljek ses berişlikde üstünlik gazanmagyna garaşylýar.

Ukraina orna eýe bolan ýagdaýynda, Kiýew we Günbatar bilen gapma-garşylyklarynda öz täsirini artdyrmak üçin weto gadagançylygyny ulanyp gelýän Orsýete garşy durjakdygyny aýdýar.

Ses berişlikde Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Ukraina garşy çykyş etjek ýok.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin öz ýurdunyň uly göwrümli gün tertibiniň bardygyny, emma Orsýet bilen gepleşikleriň “düýpden ýaraşykly äheňde” bolmajagyny duýdurdy.

Klimkin Ukrainanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryna hukuk berilen weto gadagançylygyny çäklendirmek we netijede doly ýatyrmak ugrunda çykyş etjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG