Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Owganystanda goşun saklamakçy


ABŞ-nyň prezident Barak Obama
ABŞ-nyň prezident Barak Obama

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi prezident Barak Obamanyň ABŞ-nyň goşunlaryny Owganystandan çykarmak boýunça plany üýtgedip, 5500 müň harbynyň 2016-njy ýyldan soň hem galmagy barada yglan etjekdigini aýtdy.
Obamanyň bu üýtgeşiklik barada 15-nji oktýabrda Ak Tamda çykyş etmegine garaşylýar.

Resmiler Obamanyň indiki ýylyň dowamynda 9800 adamdan ybarat goşuny Owganystanda saklamak we 2017-nji ýylda bu sany 5500 adama çenli azaltmak barada plany mälim etjekdigini bellediler.

Obama 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipesinden çekilýänçä Owganystandan ähli goşunlary çykaryp, diňe ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynda uly bolmadyk harby güýji saklamagy göz öňünde tutupdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Owganystandaky harby missiýasy 13 ýyldan soň 2014-nji ýylyň aýagynda tamamlanypdy. Şondan soň ýurduň howpsuzlygy ABŞ-nyň we NATO-nyň goşunlarynyň goldawyna daýanýan owgan goşunlarynyň garamagynda galýar.

XS
SM
MD
LG