Sepleriň elýeterliligi

10-njy oktýabrda bütin dünýäde ruhy saglygyň halkara güni bellendi.

1992-nji ýyldan bäri bellenýän bu sene Ruhy saglyk boýunça bütindünýä federasiýasynyň teklibi we BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň goldawy bilen adamlaryň ruhy saglyk bilen bagly problemalar, ruhy saglygy berkitmek, ruhy keselleriň öňüni almak hem bejermek barada habarlylygyny artdyrmak maksady bilen esaslandyrylypdy.

Her ýylda bu senä gabatlanyp, psihiatriýa boýunça halkara guramalaryň adamynyň ruhy saglygy barada maglumatlary çap edilýär, jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.

Çehiýa Respublikasynda şu ýyl Ruhy saglygyň halkara güni mynasybetli käbir keselhanalarda açyk gapylar güni geçirildi. Hususan-da, Bohnise ruhy näsaglyklar keselhanasyna baryp, onuň içindäki ýagdaýlara syn etmäge mümkinçilik döredildi. Bu ýerde klassyky sazlaryň we häzirki zaman aýdym-sazlarynyň konserti hem geçirildi.

Häzirki wagtda adamynyň ruhy saglygyna howp salýan esasy problemanyň depressiýa bilen baglydygy aýdylýar. Soňky onýyllykda, meselem, Çehiýa Respublikasynda depressiýadan ejir çekýän adamlaryň sany iki esse köpelipdir.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, 2020-nji ýyla çenli depressiýa dünýäde iň giň ýaýran näsaglyklaryň biri bolup biler.

Lukmanlar adamynyň ruhy ýagdaýynyň saglygyň möhüm bir bölegi bolup durýandygyna ünsi çekýärler. Adamynyň durmuşynyň abatlygy, onuň öz tebigy mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmaga, dürli kynçylyklara garşy durmaga ukyby hut ruhy saglygyna bagly bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG