Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat ABŞ-a dilegli meseleler bilen barýar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow.

Waşingtonda 15-nji oktýabrda geçiriljek ikitaraplaýyn amerikan-türkmen gepleşiklerine gatnaşjak türkmen delegasiýasyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär. Emma Birleşen Ştatlaryň we Türkmenistanyň resmileriniň arasynda her ýyl geçirilýän bu maslahat şu ýyl aýratyn häsiýete eýe bolýar.

Şuňa meňzeş beýleki ýygnaklardan tapawutlylykda bu gezekki maslahatda Türkmenistan hyzmatdaşlyga örän mätäç.

Meredow Birleşen Ştatlaryň paýtagtyna baran mahaly, onuň öz ýurdy – Türkmenistanda ykdysady we howpsuzlyk problemalary artýar. Soňky iki ýyldan hem az wagtyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy we ýeke-täk sütüni bolan tebigy gazyň bahasy hümmetiniň ýarysyny ýitirdi. Munuň netijesinde türkmen häkimiýetleri ýurduň ilatyna 1991-nji ýyldan bäri mugt berlip gelinýän sosial hyzmatlary çäklendirdi ýa-da doly ýatyrdy. Hatda işgärlere aýlyk haklarynyň wagtynda tölenmeýändigi barada hem maglumatlar bar.

Bular ýaly ýagdaý mundan öň hiç haçan bolmandy.

Mundan başga-da Türkmenistan öz Owganystan bilen aradaky serhedinde barha artýan howpsuzlyk problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýakynda ýaýradan kartasynda ”Talyban” fundamentalistleriniň täsiriniň artýan ýeriniň, ýagny türkmen-owgan serhedine degişli territoriýanyň tas hemme ýeriniň diýen ýaly häzirki wagtda gyzgyn nokada öwrülendigi görkezilýär. Geçen ýyl Owganystandan Türkmenistanyň territoriýasyna geçen jeňçiler tarapyndan Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň alty esgeri öldürildi.

Bular ýaly waka hem mundan öň hiç haçan bolmandy.

Türkmenistan şu ýylyň başynda harby ýardam sorap, Waşingtona ýüz tutupdy. Şuňa meňzeş ýagdaý hem mundan ozal hiç haçan bolmandy.

Öz ykdysady we howpsuzlyk problemalaryny ýeňilleşdirmek üçin goldaw gözlemäge gezek gelende Türkmenistanyň saýlap biläýjek çäkli ugry bar. Çünki Aşgabadyň “pozitiw bitaraplyk” syýasaty onuň halkara arenasynda doly diýen ýaly izolirlenmegine getirdi. Türkmen häkimiýetleri welin, owgan meselesi ýaly meseleleriň bir gün bolmasa bir gün dörejekdigini nazara almadyga meňzeýär.

Türkmenistanyň öňki kolonial ussady Russiýa bilen ýaramaz gatnaşyklary bar we Aşgabat ykdysady taýdan eýýäm tutuşlygyna diýen ýaly Hytaýa garaşly.

Şeýlelikde Meredow Waşingtondaky maslahata teklip ederden, has köp dilegli meseleler bilen barýar. Bu ýagdaý hem öz gezeginde ABŞ-nyň resmileriniň has köp zady talap etmek mümkinçiligini artdyrýar.

Mysal üçin, 14-nji oktýabrda “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň derhal azat edilmegini sorap, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa we Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Meret Orazowa açyk hat ugratdy. Bu hata başga-da abraýly halkara guramalarynyň ençemesiniň jogapkär ýolbaşçylary, şol sanda Azatlyk Radiosy gol goýdy.

Nepesgulyýew Azatlyk Radiosynyň we Ruslan Mätiýewiň ýöredýän ”Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň habarçysydyr. Ol öz makalalary üçin maglumat ýygnaýan mahaly şu ýylyň iýul aýynyň başynda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýitirim boldy. Iýul aýynyň ahyrynda Nepesgulyýewiň maşgalasy onuň öz ýanynda “neşe maddaly derman götermek” aýyplamasy bilen tussag edilendigini bilip galýarlar.

Türkmen häkimiýetleri resmi taýdan ne Nepesgulyýewiň tussag edilendigi, ne-de onuň eýýäm üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada maşgalasyna ýa-da köpçülige maglumat berdiler.

Ýurduň ykdysadyýetiniň tebigy gaz eksportyna daýanyp ýaşaýan we döwlet serhetleriniň howpsuz döwri Aşgabat daşardan gelýän tankytlary äsgermezlige urýardy. Emma indi ol günler ýok, iň bolmanda häzirlikçe ýok we häzirki wagtda Waşington zerur reformalary geçirmegi üçin türkmen häkimiýetlerine basyş etmäge mümkinçilik aldy.

Türkmen-amerikan maslahatynyň öň ýanynda, “The Washington Post” we “The Diplomat” neşirleri hem agzalýan amerikan-türkmen duşuşygy hakda makala çap etdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG