Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň goşuny Homsda hüjüme başlady


Siriýanyň goşuny Homsda hüjüme başlady.

Siriýanyň goşuny Homsda hüjüme başlady.

Siriýanyň goşuny demirgazyk Homs welaýatynda ozaldan planlaşdyrylan hüjüme geçdi.

Habar berlişine görä, Siriýa goşunynyň gozgalaňçylaryň elindäki Homs şäheriniň demirgazygynda ýerleşen şäherlere gönükdirilen hüjümine Orsýetiň söweş uçarlary-da gatnaşýar.

Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy topary Orsýetiň howa zarbalarynyň 15-nji oktýabrda Talbiseh we Teir Malla şäheriniň töweregindäki obýektlere gönükdirilendigini aýtdy.

Russiýanyň hüjümleri

Britaniýada ýerleşýän bu toparyň bildirmegine görä, bu harby operasiýany Siriýanyň esgerleri bilen birlikde Liwanyň "Hizbullah" toparynyň söweşijileri alyp barýarlar.

Soňky günlerde howa hüjümlerini artdyran Orsýet 13-nji oktýabrdan soň geçen 24 sagadyň içinde özüniň 88 operasiýany amala aşyrandygyny aýtdy. Bu onuň Siriýada howa zarbasyny urmaga başlaly bäri [nyşanalary] iň köp bombalan günüdir.

Moskwa özüniň "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerini nyşana alýandygyny aýdýar, ýöne Waşington bilen onuň ýaranlary Orsýeti öz gadymy ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini güýçlendirmek üçin ilkinji nobatda Günbatar tarapyndan goldanylýan aram gozgalaňçy toparlary bombalamakda aýyplaýarlar.

Çaknyşma howpy

Moskwanyň ara girmegi Orsýet bilen Amerikanyň reaktiw uçarlarynyň bir wagtda bir ýurduň ýokarysynda uçýandygyny aňladýar. Şeýlelikde bu ikisiniň tötänden çaknyşma howpy döreýär.

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň harbylary Siriýada tötänden döremegi mümkin çaknyşygyň öňüni almak maksady bilen gepleşik geçirdiler.

14-nji oktýabrda Ak tam prezident Putiniň Siriýada Amerika bilen harby hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak üçin premýer-ministr Dmitriý Medwedewi Birleşen Ştatlara ibermek baradaky teklibini ret etdi.

Ak tamyň sözçüsi Joş Earnest Orsýetiň teklibini "umytsyzlygyň" alamaty diýip häsiýetlendirdi.

Earnest "Orsýet biziň [”Yslam döwletine”] garşy tagallalarymyza konstruktiw goşant goşmaga meýil görkezmese, bu iş bizi gyzyklandyranok" diýip, Amerikanyň pozisiýasyny ýene bir gezek tekrarlady.

"Orsýetiň öz plany bar. Prezident Putiniň bu çykgynsyz ýagdaýda ors hökümetiniň ikinji derejeli resmisini Birleşen Ştatlara iberip, bizi özlerine goşulmak üçin yrmaga synanyşmagy meni onçakly geň galdyranok" diýip, Earnest sözüniň üstüne goşdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Birleşen Ştatlaryň bu teklibi ret edenine "gynanç" bildirdi.

15-nji oktýabrda Putin Waşingtony Siriýa babatynda "konstruktiw däl" diýip aýyplady.

XS
SM
MD
LG