Sepleriň elýeterliligi

Çarli Çaplin: "Ýaşlara geljek bereliň!"


Çarli Çapliniň 1936-njy ýylda düşürilen filminden bir surat.

Çarli Çapliniň 1936-njy ýylda düşürilen filminden bir surat.

"Geliň, ýagşy dünýä üçin maslahat edeliň. Zähmet çekeliň. Ýaşlara ýagty geljek bereliň. Ýaşululara hem saglyk-amanlyk bilen arkaýynçylyk bereliň... Ynha, şeýle wadalar bilen bu pis doňuzlar häkimýetiň başyna geçýärler. Ýagny, ýalançylyk bilen! Soň olar wadasynda tapylmaýarlar. Tapylmazlaram! Diktatorlar özüne azatlyk berip, halky gul edýärler".

Çarli Çapliniň "Beýik diktator" filminden (1940) monology

Bagyşlaň welin, men imperator bolmak islemeýärin. Bu maňa mynasyp däl. Hemmeleri hökmürowanlyk bilen dolandyrmak hem zabt etmek islemeýärin.

Haýsy milletdendigine we teniniň reňkine garamazdan, hemmelere kömek etmek islärdim. Adamkärçilik şeýle bolmaly. Biz hemmämiz birek-birege kömek etmek isleýäris.

Bir-birimiziň bagtyýarlygymyza guwanyp ýaşamak isleýäris. Garyplyk we ýigrenç duýgusy ýok. Dünýäde hemme kişi üçin boş ýer hem orun bar. Ýeriň ýüzi diýseň baý. Adamlar azatlykda we gowy durmuşda ýaşap bilerler. Ýöne, haýp, ugrumyzy ýitiripdiris.

Nebis adamyň ruhuny zäherläpdir. Dünýäni söweş meýdanyna öwrüpdir. Bizi garyplaşdyrypdyr we gaty köp gan döküpdir.

Näçe açyş edenem bolsak, ahyrynda öz-özümizi bendi edipdiris. Maşynlar näçe köpelse, şonça hem gerek zatlar artýar. Bilimimiz bizi egoist edýär. Aňymyz bolsa bizi ýuwanlaşdyrýar.

Köp pikir edip, az duýýarys. Biz maşynlardan adamçylyga has köpräk mätäç. Akyldan edep-terbiýä has köpräk mätäç. Duýgular bolmasa, durmuş gury mejburlykdan çekip-çydar ýaly bolmaz ahbetin.

Sesimiz size ýeten mahaly dünýäde millionlarça adamyň, zenanyň, bala-çaganyň ahy-nala çekýändigini we bigünäleriň zyndanlarda bendilikdedigini ýada salyň. Sesimi eşiden adamlara "Aýdaýmaň" diýýärin...

Hiç zadyň ebedi bolmaýşy ýaly, azap hem ebedi däldir. Adamyň öýke-kinesi geçer gider. Diktatorlar hem öler giderler. Ýönekeý adamlardan alan häkimiýetini ýene olara goýup giderler. Azatlyk hiç haçan ölmez.

Esgerler! Sizi äsgermezçilik eden bu adamjyklaryň sizi gul ýaly görmegine, durmuş ykbalyňyzyň jylawuny elinde tutmagyna, siziň pikirleriňizi, duýgudyr-islegleriňizi hem bar ygtyýaryňyzy öz bähbidine öwürmegine ýol bermäň.

Özüňizi, robot ýaly, bu doňýürek adamlara peşgeş bermäň. Gul bolup, gulçulyk üçin söweşmäň. Azatlyk ugrunda söweşiň.

Injilde aýdylyşy ýaly, Taňry adamyň içindäki wyždanyndadyr. Bu diňe bir oýnam adamda däl, eýse hemme adamlarda şeýledir! Taňry sendedir! Seniňem gudrat ukybyň bar - bagtyýar ýaşamak gudrat ukybyň!

Biziň özümizde bu durmuşy azatlykda hem eşretde geçirmäge ýeterlik güýç bar. Geliň, demokratiýa üçin özümizdäki bu gudratdan peýdalanalyň. Goý, ol bizi agzybirlikde birleşdirsin!

Geliň, gowy ýaşalýan täze dünýä üçin maslahatlar geçireliň, bu ugurda zähmet çekeliň we ony ýaşlar üçin ýagty geljege, ýaşulular üçinem arkaýynçylyga öwreliň.

Ynha, şeýle wadalar bilen bu pis doňuzlar häkimiýetiň başyna geçýärler. Ýagny, ýalançylyk bilen! Soň olar wadasynda tapylmaýarlar. Tapylmazlaram! Diktatorlar diňe özüne azatlyk berip, halky bolsa gul edýärler. Geliň, şol wadalary biz berjaý edeliň. Azat dünýä ugrunda göreşeliň.

Milli araçäkleriň, nebsewürligiň, men-menligiň, duşmançylygyň, öýke-kinäniň bizi dolandyrmagyna ýol bermäliň. Parasatly dünýä üçin pikirlenişeliň. Şeýle dünýä üçin göreşeliň, ýagny ol ýerde ylym bilen ösüş adamlary diňe bagtyýarlyga ýetirsin.

XS
SM
MD
LG