Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul Obamanyň Owganystan baradaky planyny goldady


Owgan hökümeti ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ABŞ-nyň goşunlaryny indiki ýylyň aýagyndan soň hem Owganystanda galdyrmak barada yglan eden kararyny makullady.

Owgan hökümeti 15-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda karary makullap, “gorka we terrora doly güýç bilen jogap bermegi” wada berdi.
Obamanyň 15-nji oktýabrda eden çykyşynda Waşingtonyň 2016-njy ýyldan soň

Owganystanda 5500 harbysyny galdyrjakdygy aýdyldy. ABŞ mundan öň 10000 adamlyk goşunyny doly çykarmagy planlaşdyrýardy.

NATO Owganystandaky söweş çärelerini 2014-nji ýylda tamamlap, owgan harbylaryny türgenleşdirmek we goldamak üçin 13000 çemesi harbysyny galdyrdy.

XS
SM
MD
LG