Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-amerikan maslahaty geçirildi


15-nji oktýabrda Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda dördünji ýyllyk özara konsultasiýalary geçirildi.

Döwlet departamentiniň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygyndaky türkmen delegasiýasy ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Bişwal tarapyndan kabul edilipdir.

Türkmen delegasiýasynyň döwlet sekretarynyň orunbasary Antony Blinken, döwlet sekretarynyň ýaraglara gözegçilik we halkara howpsuzlyk boýunça orunbasary Rose Gottemuller bilen geçiren duşuşygy regional howpsuzlygyna we energiýa meselelerine gönükdirilipdir.

Şeýle-de gepleşiklerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň, şol sanda syýasy, regional howpsuzlygy, adam hukuklary we zähmet, din azatlygy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahat edilendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk özara konsultasiýalary 2009-njy ýylda ýurtlaryň arasynda özara ynamy artdyrmak we hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri ösdürmek maksatly ýola goýulypdy.

XS
SM
MD
LG