Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Nazarbaýewe protest bildirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy.

Türkmenistan öz Owganystan bilen aradaky serhedinde howpsuzlyk bilen baglanyşykly haýsydyr bir wakanyň bolandygyny inkär edýär we beýle beýanatlar bilen çykyş edilmeginiň garşysyna protest bildirýär diýip, ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan 15-nji oktýabrda ýaýradylan resmi beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanyň gahar-gazapdan doly bu beýanatynyň nyşanasy Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýaly bolup görünýär. Sebäbi ol Orsýetiň prezidenti bilen 15-nji oktýabrda geçiren duşuşygynda agzalýan serhetdäki ýagdaýlara ünsi çekdi.

Orsýetiň ”Izwestiýa” gazetiniň 15-nji oktýabrda ýazmagyna görä, Nazarbaýew şol çykyşynda, “Biz Owganystan bilen Türkmenistanyň we Täjigistanyň serhetýaka etraplarynda käbir dartgynly wakalaryň bolandygyny bilýäris, şonuň üçin biz terrorizme garşy yslam forumyny döretmeli diýipdir.

Aşgabat gahar-gazaba mündi

Nazarbaýew bu çykyşyny postsowet ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagynda Gazagystanyň paýtagty Astanada 16-njy oktýabrda Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryna gönükdirlip geçirilýän sammitiň öňüsyrasynda etdi.

Nazarbaýewiň öz çykyşynda Türkmenistanyň adyny agzamagy Aşgabady gahar-gazaba mündürmäge ýeterlik boldy. Gazak prezidentiniň çykyşynyň yz ýany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda ýene şeýle diýilýär: “15-nji oktýabrda Gazagystan tarapy Türkmen serhedinde bolandygy aýdylýan käbir wakalar baradaky maglumaty öňe sürdi. Türkmen tarapy bu beýanat barada öz çuňňur aladasyny bildirýär, bu [aýdylýan zatlar] Türkmenistanyň serhedindäki hakykatlara asla gabat gelmeýär” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Agzalýan ministrlik aýratynam Aşgabadyň bu mesele baradaky pozisiýasynyň ençeme gezek beýan edilendigini ýatladyp, Gazagystanyň serhetdäki ýagdaýlara baha berende has obýektiw bolmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

Türkmen-owgan serhediniň golaýy we howpsuzlyk şertleri

Soňky döwürde türkmen-owgan serhedi bilen baglanyşykly çykyş edýän liderler diňe bir Gazagystanyň prezidenti däl, eýse bu barada Orsýet we regionyň beýleki ýurtlary-da, şol sanda Owganystanyň hökümet ýolbaşçylary-da yzygiderli çykyş edýärler.

Edil 15-nji oktýabrda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etrabynyň häkimi, käri boýunça inžener Ahmet Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň Hamýapdaky ofisinden gaçyp çykmaga mejbur bolandygyny we häkimlik binasynyň bolsa talyban jeňçileri tarapyndan weýran edilendigini aýtdy.

Bir gije-gündizläp biz olar bilen çaknyşdyk, gapdalymyzda parahat ýaşaýjylar köp bolany üçin, olara zyýan ýetmesin diýip, biz etrap häkimligini taşlap, polisiýa güýçleriniň merkezine geldik. Şondan soň olar etrap häkimligine baryp, binany otladylar we binanyň kerpiçlerine çenli alyp gitdiler” diýip, Hamýap etrabynyň häkimi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ol jeňçileriň maksadynyň Hamýaby doly eýelemekden ybaratdygyny, eger bu maksatlary başa barsa, onda talyban jeňçileriniň Türkmenistana aýratyn ýiti howp salyp biljekdiklerini aýdýar.

Mundan ozalky wakalar

Mundan ozal 2014-nji ýylyň fewral hem maý aýlarynda iki gezek Owganystandaky jeňçiler serhetden geçip, Türkmenistanyň serhet güýçleriniň postlaryna hüjüm edipdiler, şonuň netijesinde alty sany türkmen esgeri wepat bolupdy.

Şol wakalaryň yz ýany Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow 2014-nji ýylyň maý aýynyň 28-ne Kabula sapar edip, bolan şol iki waka hakda Owganystanyň hökümetine protest bildiripdi, hemem jenaýatkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap edipdi.

Owganystanyň prezident edarasy tarapyndan şol wagt ýaýradylan maglumatda duşuşykda türkmen tarapynyň iki ýurduň serhetýaka etraplarynda barha ýaramazlaşyp barýan howpsuzlyk ýagdaýlary bilen bagly aýratyn alada bildirilendigi aýan edilipdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 15-nji oktýabrda ýaýradan beýanatyna gaýdyp gelsek, ol beýanatda Gazagystanyň prezidenti Nazarbaýewiň serhediň howpsuzlygy bilen bagly aýdan pikirleriniň garşysyna protest bildirilip, türkmen-owgan serhediniň dostluk-doganlyk serhedidigi nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG