Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Pakistanda gazgeçiriji gurar


Orsýet we Pakistan Lahordan Karaçi portuna çenli tebigy gaz geçirijisini gurmak barada ylalaşyga gol çekdiler.

Resmileriň 16-njy oktýabrda aýtmagyna görä, Demirgazyk-Günorta gazgeçirijisi Orsýetiň Rostek kompaniýasynyň ýanyndaky şirket tarapyndan gurlar, Orsýet oňa 2 milliard dollar möçberde maýa ýatyrar.

Yslamabatda premýer-ministr Nawaz Şarifiň gatnaşmagyndaky dabarada Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak we Pakistanyň nebit ministri Şahid Şagan Abbasi ylalaşyga gol çekdiler.

Uzynlygy 1100 kilometrlik gazgeçirijiniň birinji tapgyryny 2017-nji ýylyň dekabr aýyna çenli gurup gutarmak planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG