Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” gaharly reaksiýa görkezdi


ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleri

ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleri

“Talyban” hereketi ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini doly çykarmak prosessini haýallatmak baradaky kararyna gaharly reaksiýa görkezdi.

“Talyban” ýazmaça beýanatynda “Owganystanda amerikanyň esgerleriniň saklanmagy biziň jyhad we göreş tagallalarymyzy gowşadyp bilmez” diýilýär.

Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öňümizdäki ýyl Owganystanda 10 müň amerikan esgerini saklap galmak baradaky kararyny mälim edipdi.

“Talybanyň” ýolbaşçylarynyň biri “Reuters” habarlar gullugyna “bu baradaky karar owgan krizisini parahatçylyk ýol bilen çözmek boýunça olaryň islegleriniň ýokdugyny görkezdi” diýipdir.

XS
SM
MD
LG