Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Türkiýe bilen habarlaşdy


16-njy oktýabrda Türkiýe Siriýadan öz territoriýasyna geçen näbelli dron uçaryny urup düşüripdi.

16-njy oktýabrda Türkiýe Siriýadan öz territoriýasyna geçen näbelli dron uçaryny urup düşüripdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi özüniň Siriýadaky söweş uçarlary bilen baglylykda Türkiýäniň harbylary bilen göni aragatnaşyga geçendigini mälim etdi. Bu beýanatdan birnäçe sagat oň, Türkiýe Siriýadan öz territoriýasyna geçen näbelli dron uçaryny urup düşüripdi.

Bu aralykda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihaýil Bogdanow 18-nji oktýabrda Stambulda türk resmileri bilen konsultasiýalaryň geçirjekdigini mälim etdi.

Türkiýe Kilis şäheriniň golaýynda urlan drony kimiň dolandyrandygyny anyklamak üçin, sebite ýörite derňew toparyny ýollandygyny mälim etdi.
ABŞ bu pilotsyz uçaryň Russiýa degişli bolan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Mundan ozal, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RIA-Nowosti habarlar gullugy bir rus harbysynyň “Siriýadaky rus uçarlarynyň ählisi plana görä hereket edýär” diýen sözlerini getiripdi.

NATO agza Türkiýe Russiýanyň öz howa araçäklerini bozýandygyny aýdyp, ençeme gezek nägileligini bildiripdi.

XS
SM
MD
LG