Sepleriň elýeterliligi

Mezhebara dawada 2 eýranly öldi


Aşura çäresiniň bellenilşi

Aşura çäresiniň bellenilşi

Eýranda şaýy musulmanlarynyň metjidinde ýüze çykan ok atyşlykda iki adam öldürildi.

Resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Khuzestan welaýatynyň Dezful şäherinde ýüze çykan wakada başga-da iki adam ýaralanypdyr.

Berilýän maglumata görä, ulagdaky näbelli hüjümçiler Aşura çäresini belleýänleri oka tutupdyrlar. Bu gün Muhammet Pygamberiň agtygy Ymam Hüsseýniň öldürilmeginiň 680-nji ýyl dönümi ýatlanylýar.

Khuzestan welaýatynda sünni musulmanlary bolan etnik araplar hem ýaşaýarlar. Regionda mundan owal hem mezhebara dawalary ýüze çykypdy.

Şeýle-de Aşura baýramçylygyny Saud Arabystanynda belleýän şaýylara garşy hem hüjüm amala aşyrylyp, wakada bäş adam öldürildi. Bu hüjümiň jogapkärçiliginiň sünni ekstremistik topar öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG