Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Baiji zawody yzyna alyndy


Baiji nebit zawodyndan çykýan gara tüsse. 14-nji oktýabr, 2014 ý.
Baiji nebit zawodyndan çykýan gara tüsse. 14-nji oktýabr, 2014 ý.

Yragyň hökümet güýçleri Bagdadyň demirgazygyndaky Baiji nebit zawodyndan “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini çykardylar. Giň göwrümli harby operasiýa şaýy ýaraglylary hem gatnaşdylar.

Harbylaryň berýän maglumatyna görä, Yragyň iň uly nebit zawody bilen birlikde Siniýa şäheri hem yzyna alnypdyr. Söweşde “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň azyndan 15-si we olara garşy söweşýänleriň hem altysy öldürilipdir.
Yragyň 250 km demirgazygynda ýerleşýän Baiji şäheri geçen ýyl jeňçileriň eline düşüpdi.

Yragyň bir polkownigi AFP habar agentligine “Biz şäheriň 60% töweregine gözegçilik edýäris. Sebitde jeňçiler az. Olar gabawa düşdi” diýip, maglumat berdi.

“Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri nebiti satyp öz hereketlerini maliýeleşdirýärler. Şol sebäpli Baiji zawodynyň gaýtadan alynmagynyň uly ähmiýeti bar.

Şol bir wagtda, günde 300 müň barrel nebiti öndüren bu zawodyň häzir düýpli sandan çykandygyndan howatyr edilýär.

“Labeik ýa Rasul Alla”, ýagny “Allanyň Resuly seniň hyzmatyňda durun” diýlip atlandyrylan harby operasiýa 12-nji oktýabrda başladylypdy.

“Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Baiji şäherine iki howa zarbasyny amala aşyrandygyny mälim etdi. Şol bir wagtda koalisiýa Kaýýarah şäherindäki bir nebit zawodynyň hem böleklerini ýok edendigini habar berdi.

Yrak güýçleri şu ýylyň maýynda jeňçileriň eline geçen Ramadi şäherini hem yzyna almak ugrunda hereket edýärler. Koalisiýa güýçleri diňe şu aýyň özünde Ramadiniň töweregine 69 howa zarbasyny amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG